logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ «Biznes-Intellekt» bäsleşigi ýaş zehinleri ýüze çykardy ✦ ✦ Syýahatçylyk mekdebiniň talyplary türkmen haly sungaty bilen tanyşdylar ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦
Home / Economics /Obasenagat toplumy: Beýik eýýamyň rowaçly galkynyşy
  19.10.2022
703
Obasenagat toplumy: Beýik eýýamyň rowaçly galkynyşy

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň bagtyýar günlerinde Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda beýik eýýamyň rowaçly galkynyşy ähli ugurlar bilen birlikde obasenagat toplumynda hem aýdyň duýulýar. Muňa bu iri pudakda ýylyň-ýylyna gazanylýan üstünlikler, belent sepgitler aýdyň şaýatlyk edýär. Üstünlikli amala aşyrylýan şeýle oba hojalyk özgertmeleri ilatymyzyň durmuş hal-ýagdaýynyň has hem gowulanmagyna, azyk bolçulygyny döretmeklige giň ýol açýar.

Hormatly Prezidentimiziň beýik taglymatynyň binýady bolan şeýle asylly başlangyçlar agrosenagat toplumynyň ösüşlerine ösüş goşýar. Bu gün türkmen daýhanyna halal zähmet çekmäge, halal baýamaga döwlet tarapyndan ähli şertler döredilip berilýär, oba zähmetkeşleriniň öndürijilikli işlemegini maddy taýdan höweslendirmek yzygider üpjün edilýär. Şeýle-de dünýäniň kuwwatly, kämil oba hojalyk tehnikalarynyň hasabyna bu iri pudagyň tehniki binýady barha pugtalandyrylýar. Halkymyzyň ekerançylyk sungatynyň baý milli tejribesiniň gaýtadan dikeldilmegi bu pudagy ykdysadyýetimiziň iň bir girdejili pudagyna öwürmeklige şert döredýär.  Oba hojalyk ulgamyny ylmy esasda ösdürmek, tohumçylyk işini kämil ýola goýmak, alynýan hasylyň hilini we mukdaryny ýokarlandyrmak babatda ençeme işler alnyp barylýar. Oba hojalygyna öňdebaryjy tehnologiýalaryň, ýokary netijeli önümçiligi üpjün edýän sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bu pudagyň dünýä tejribesi bilen aýakdaş gitmeginde esas bolup hyzmat edýär. Oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň möçberiniň artdyrylmagyna gönükdirilen köpugurly özgertmeler azyk bolçulygyny berkitmegiň ygtybarly kepilidir. Döwletimiz tarapyndan döredilýän şeýle mümkinçilikler bu ugurda zähmet çekýän hünärmenleriň badyna bat, ruhuna ruh goşýar.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň welaýatlarynda bolup, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, dürli obasenagat toplumlarynyň ösüş depgini bilen yzygider tanyşýar. Bu bolsa oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine, ýer eýelerini, hasyl ussatlaryny, edermen babadaýhanlarymyzy uly-uly zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar.

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň möhüm bölegi bolan obasenagat toplumynyň mundan beýläk hem batly depginler bilen ösdürilmegi ugrunda asylly başlangyçlary durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun! 

 

Jahan TOÝLYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.