logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Agriculture /Obasenagat toplumy innowasion esasda ösdürilýär
  04.04.2023
1374
Obasenagat toplumy innowasion esasda ösdürilýär

Häzirki wagtda eziz Watanymyz Türkmenistanda obasenagat toplumyny has hem ösdürmek, pudagy döwlet tarapyndan goldamak maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Bu ulgamyň hem-de hyzmat edýän pudaklaryň düzümini döwrebaplaşdyrmaga, olary täze tehnikalar bilen üpjün etmäge, şol sanda oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalary, mineral dökünleri öndürýän zawodlary gurmaga gönükdirilýän maýa goýumlar şu goldawyň möhüm ugurlarynyň biridir. Oba hojalygyny tehniki we tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmak wezipeleri innowasion esasda çözülýär. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň hem belleýşi ýaly, agrosenagat toplumynda ýer kadastrynyň sanly binýadynyň we howanyň üýtgemeleri bilen bagly töwekgelçilikleri çaklamak üçin seljeriş platformasy dörediler. Ekerançylyga we maldarçylyga «akylly» tehnologiýalar ornaşdyrylar.

Ýurdumyzda bar bolan ylmy-barlag edaralary tarapyndan maldarçylygy ösdürmek, mallaryň hem-de guşlaryň baş sanyny artdyrmak, tohumçylyk işini ylmy taýdan esaslandyrylan usullara laýyklykda giňeltmek, hasyllylygy ýokarlandyrmak, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak babatda oba hojalyk pudagyny ylmy taýdan ösdürmegiň binýady berkidilýär.

Oba hojalygyny sanlylaşdyrmak, şeýle-de toplumda hususy pudagyň ornuny pugtalandyrmak ýaly meseleler döwletimiziň oba hojalyk syýasatynda öz beýanyny tapýar. Azyk bolçulygyny üpjün etmekde dünýäniň ösen tejribesiniň işjeň ornaşdyrylmagyna, pudakda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistan BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy bilen obasenagat toplumyny durnukly ösdürmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda ýola goýlan hyzmatdaşlygyny ösdürýär. Bu gurama bilen özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine möhüm ähmiýet berip, ýurdumyz oba hojalyk pudagyndaky düýpli özgertmeleri durmuşa geçirmekde tejribe alyşýar. Şunda obasenagat toplumynyň ähli kuwwatlyklaryny doly herekete girizmek, önüm öndürijilere goldaw bermek, azyk bolçulygyny üpjün etmek, ýokary hilli önümleriň önümçiligini artdyrmak, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar.

Şeýle-de pagtaçylyk toplumynyň ösmegi daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmäge we ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegine mynasyp goşant goşýar. Mundan başga-da, Oba hojalykçy hünärmenler gowaçanyň ýerli toprak we howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hasylly, durnukly, süýümi uzyn, arassa hilini taýýarlamak ugrunda zerur işleri alyp barýarlar. Pudakda telekeçilik düzümlerine goldaw bermek we olary höweslendirmek boýunça döwlet syýasatynyň çäklerinde ýüpekçiligiň ösdürilmegine zerur üns berilýär. Bu pudak halk senetçiliginiň gadymy ugurlarynyň biri bolup durýar. Asyrlaryň dowamynda öz kärine ussat adamlaryň tagallasy bilen ýüpekçiligiň milli däpleri nesilden-nesle geçirilip, olar häzirki günlerde döwrebap derejede dowam etdirilýär we matalaryň dürli görnüşlerini, halylary dokamakda ulanylýar. Ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde ýyladyşhanalara möhüm ornuň degişlidigini bellemeli. Munuň özi ýylyň ähli paslynda ter gök önümleriň bolçulygynda örän ähmiýetlidir. Ýurdumyzyň döwrebap ýyladyşhanalary we hususy önüm öndürijileri içerki bazarlarda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde wajyp orny eýeleýärler. 

 

Enejan OJYKOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.