Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Buýan ösümliginiň dermanlyk häsiýeti ✦ ✦ Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyry ✦ ✦ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦ ✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦ ✦ Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Mary welaýatynyň gaz pudagy 2026-njy ýyly ýokary önümçilik netijeleri bilen başlady ✦ ✦ Bank we söwda ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagy dowam edýär ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Obasenagat toplumyny durnukly ösdürmek
  07.03.2023
836
Obasenagat toplumyny durnukly ösdürmek

Türkmenistan Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň aýdyň ýolunda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny, şol sanda obasenagat toplumyny düýpli döwrebaplaşdyrmak we köpugurly esasda ösdürmek boýunça özgertmeleriň uly tapgyryna badalga berilýär. Azyk bolçulygyny üpjün etmekde dünýäniň ösen tejribesiniň işjeň ornaşdyrylmagyna, pudakda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistan BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy bilen obasenagat toplumyny durnukly ösdürmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda ýola goýlan hyzmatdaşlygyny ösdürýär. Şunda obasenagat toplumynyň ähli kuwwatlyklaryny doly herekete girizmek, önüm öndürijilere goldaw bermek, azyk bolçulygyny üpjün etmek, ýokary hilli önümleriň önümçiligini artdyrmak, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Bu pudak senagat üçin zerur bolan çig mallaryň üpjünçiligini ýola goýýar, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek we ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegine mynasyp goşant goşýar. Tebigy serişdeleri rejeli we netijeli peýdalanmagyň, ilat üçin amatly durmuş şertlerini döretmegiň hasabyna ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüş depginini üpjün etmek döwletimiziň yzygiderli alyp barýan strategiýasynyň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda oba hojalyk ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça öňde goýan wezipeler hem çalt depginlerde ýerine ýetirilýär. Häzirki wagtda sanly ulgamy ornaşdyrmak çäreleri ähli pudaklar bilen birlikde oba hojalyk pudagynda hem giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz dünýäniň iri kompaniýalary bilen ýakyn hyzmatdaşlyklary saklaýar. Ýakyn birnäçe ýylyň dowamynda döwletimiz tarapyndan satyn alynýan ýokary öndürijilikli ýörite tehnikalar telematik ulgam bilen üpjün edilen. Bu sanly ulgam oba hojalygynda geçirilýän işleri ýönekeýleşdirmäge, çaltlandyrmaga hem-de tehnikalaryň ýerleşýän ýerine, ýangyjyň sarp edilişine, ulanylýan wagtyna we beýleki ençeme ölçeglere merkezleşdirilen ýagdaýda internete çykyp bolýan islendik ýerden, hatda ykjam telefondan gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. 

 

Serdar HALOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.