logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /Ogulkeýik Mollanýazowa «Zenan kalbyndan dörän nepislik» atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldy
  11.01.2023
2066
Ogulkeýik Mollanýazowa «Zenan kalbyndan dörän nepislik» atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmenistanyň zenanlar birleşiginiň merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Aşgabat şäher Zenanlar bölüminiň bilelikde geçirmeklerinde tikinçilik bilen meşgullanýan, kesbinden kemal tapyp el işlerini ýerine ýetirmekde we milli lybaslary ýaýbaňlandyrmakda ussatlyk görkezen ezber, çeper elli tikinçi zenanlaryň arasynda geçirilen «Zenan kalbyndan dörän nepislik» atly bäsleşiginde Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň 3-nji ýyllyk talyby Mollanýazowa Ogulkeýik I orna mynasyp boldy.

Bäsleşigiň şertlerine görä, bäsleşige gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň zenanlarynyň erkana işlemegi, hünär öwrenmegi, telekeçilik bilen meşgullanmagy, tikinçilik, el işlerine ussat zenanlar bolup ýetişmekleri üçin döredilýän şertler barada, şeýle hem milli lybaslaryň özboluşly aýratynlyklary, el işlerine bolan höwesi artdyrmakda alyp barýan işleri barada giňişleýin buýsanç bilen wasp etmeli. Bäsleşigiň ikinji şertine görä, gatnaşýanlar joşgunly hereketleri bilen 9-12 ýaşyndaky gyzjagaz üçin köýnek ýa-da ýakasy nagyşlanan ezýaka oglan köýnegini bir sagadyň dowamynda tikmegi başarmaly. Soňra köýnegi gyzjagaza ýa oglanjyga geýdirip, «Ýedi ölçäp, bir kes» diýlişi ýaly halkymyzyň asylly däpleriniň dowam etdirilişi, milli eşikleriň matasynyň saýlanyşy, biçilişi we tikilişi barada çeper söz bilen beýan etmeli. Ahyrky şertde bolsa, «Elimden çykan egnime ýarar» diýlişi ýaly, bäsleşige gatnaşýanlar öz tiken köýneklerini özleri geýip, eşikleriniň, asylly türkmen milli gymmatlygymyzyň waspyny, ýürek buýsançlaryny çeper sözleriň üsti bilen çeper wasp etmeli. Bäsleşigiň ähli şertlerinde hem, Mollanýazowa Ogulkeýik beýleki gatnaşyjylardan tapawutlanyp, üstünlikli çykyşy bilen I orna mynasyp boldy. Ogulkeýik okuwyndan daşary tikinçilik kärinden başga-da surat çekmek, ýaka tikmek ýaly hünärleri bilen hem gyzyklanýar. Şeýle bäsleşiklerde ýene uly ýeňişlere garaşyp, Ogulkeýik jigimize okuwynda-da uly üstünlikler arzuw edýäris! 

 

Şirinaý GURBANOWA,  

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we 
ulag kommunikasiýalary institutynyň
Diller kafedrasynyň iňlis dili mugallymy.