Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Buýan ösümliginiň dermanlyk häsiýeti ✦ ✦ Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyry ✦ ✦ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦ ✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦ ✦ Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Mary welaýatynyň gaz pudagy 2026-njy ýyly ýokary önümçilik netijeleri bilen başlady ✦ ✦ Bank we söwda ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagy dowam edýär ✦
Baş sahypa / Tehnologiýa /«Oguz Robot» - oýlap tapyşlar, irginsiz gözlegler we üstünlikler
  23.12.2022
1456
«Oguz Robot» - oýlap tapyşlar, irginsiz gözlegler we üstünlikler

Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň zehinli okuwçylaryndan düzülen «Oguz Robot» gurnagynyň agzalarynyň diňe bir döwletimizde däl, eýsem, halkara derejesindäki bäsleşiklerde hem ýeňişli orunlary eýeläp gelýär. Gurnak - zehinli okuwçylaryň 90-a golaýyny özünde jemleýär. Bu gurnagyň gazanýan üstünlikleri soňky ýyllarda has-da artdy.

Şu ýylyň oktýabr aýynyň 13 – 16-sy aralygynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilen «FIRST Global Challenge 2022» – Halkara Robototehnika bäsleşiginde edilen şowly çykyş «Oguz Robota» nobatdaky ýeňşi bagyşlady. Bu halkara bäsleşik 162 döwletiň mekdep okuwçylaryndan ybarat bolan milli ýygyndy toparlaryny bir ýere jemledi. Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň okuwçylary – Jelaleddin Gylyçmuhammedowyň, Pirguly Öwezowyň, Nurmämmet Nazarowyň, Polat Baýramowyň, Arslan Poladowyň bäsleşikde ýurdumyza wekilçilik edendigini bellemek gerek.

Däp bolşy ýaly, bu halkara bäsleşik her ýyl bir temany aýdyňlaşdyrmagy maksat edinýär, ýagny Ýer ýüzüniň global meseleleriniň birini saýlap, şony öňe sürýär. Bu ýyl «Uglerod ýygnamak» temasyna bagyşlanan Halkara Robototehnika bäsleşiginiň dowamynda oýunlardan daşary toparlaýyn işlemek, halkara syýahatçylyk, inženerçilik dizaýny ýaly ugurlar boýunça ýygyndy toparlaryň robototehnika bilen baglanyşykly ýerine ýetiren oýlap tapyşlary bahalandyryldy. Ýurdumyzyň ukyp-başarnykly, erjel mekdep okuwçylary bäsleşigiň saýlama tapgyrynda 12 oýunda oňat netijeleri görkezip, 7-nji orna mynasyp boldular. Bu ýeňiş iň gowy 32-ligiň düzümine girmäge ädim boldy. «Oguz Robotyň» topar agzalary halkara bäsleşigiň «Eminleriň baýragy» ugry boýunça ýeňijisi bolup, ýokary baha mynasyp boldular. Bäsleşige gatnaşanlaryň her biri altyn medal bilen sylaglanyldy.

«Oguz Robot» gurnagynyň zehinli okuwçy agzalary dürli ýyllarda Meksikanyň Mehiko şäherinde, BAE-niň Dubaý şäherinde, Hytaýyň Gonkong şäherinde geçirilen robot tehnologiýalarynyň halkara bäsleşiklerinde hem baýrakly orunlary eýeledi. Tehnologiýa äleminde täzelikleriň irginsiz gözleginde bolýan ýaş robotçylara geljekde hem üstünlik arzuw edýäris! 

 

Parahat NURMUHAMMEDOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.