logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /«Oguzkent» myhmanhanasynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisi geçirildi
  20.04.2022
1484
«Oguzkent» myhmanhanasynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisi geçirildi

Şu gün, «Oguzkent» myhmanhanasynda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisi geçirildi. Mejlise Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Mejlisde Türkmenistanyň Prezidenti çykyş edip, ahalteke atçylygyny ösdürmäge uly üns berilýändigini bellemek bilen, bu ugurda edilen işler we geljekde edilmeli işler dogrusynda birnäçe takyk, anyk wezipeleriň üstünde durup geçdi.

Belläp geçsek, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň dünýäniň otuzdan gowrak döwletinde 200-e golaý agzasynyň bardyr.

Geçirilen mejlisiň dowamynda, ahalteke atçylygyny ösdürmekde netijeli işleri alyp baran assosiasiýanyň agzalaryna Türkmenistanyň hormatly atlary dakyldy, assosiasiýanyň düzümine birnäçe agzalar kabul edildi hem-de 2023-nji ýylda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdaky, XIII mejlisini geçirmek hakyndaky Karara gol çekildi.