logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /OIOIUS — 2024: II Açyk halkara informatika olimpiadasyna badalga berildi
  18.04.2024
1024
OIOIUS — 2024: II Açyk halkara informatika olimpiadasyna badalga berildi

Ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda II Açyk halkara informatika olimpiadasyna (OIOIUS — 2024) geçirmeklige badalga berildi. Bu halkara olimpiadanyň açylyş dabarasy Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçirildi.

 

 

Bu halkara informatika olimpiadasy bu ýyl 18 ýurtdaky 52 ýokary okuw jaýlarynydan 270 den gowrak talyby, 30-dan gowrak daşary ýurtly mugallymlary bir ýere jemlär. Halkara olimpiada 2 tapgyrda geçirilip 1-nji tapgyrda 5 sany ýumuşdan ybarat bolan programmalary işläp düzmek ýumuşy tabşyrylar, 2-nji tapgyr bolsa 18-nji aprelde bolsa kiberhowpsuzlyk meselelerini çözmäge degişli tehniki ýumuşlar beriler.

 

 

Ýumuşlar 180 minudyň dowamynda ýerine ýetirilip, netijeler özbaşdak baha berýän monitoring programmasy arkaly jemlener. Ýeňiji bolan gatnaşyjylara altyn, kümüş, bürünç medallar hem-de ýörite diplomlar bilen sylaglanar. Halkara olimpiadanyň netijeleri 19-njy aprelda yglan ediler.

 

Musa Şamyradow,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby.