logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /“Ojar Aziýa” HK - Ahalyň täze dolandyryş merkezinde ýol gurluşygyny alyp barar
  08.08.2022
1452
“Ojar Aziýa” HK - Ahalyň täze dolandyryş merkezinde ýol gurluşygyny alyp barar

Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň we onuň içerki ýollarynyň gurluşygyny “Ojar Aziýa” hususy kärhanasy alyp barar. Bu barada hususy kärhananyň ýolbaşçysy Amanmuhammet Ojarow Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly ylmy-amaly maslahatda eden çykyşynda belläp geçdi.

Kompaniýa taslama laýyklykda, birinji tapgyrda 48,8 müň metr, ikinji tapgyrda bolsa - 17,8 müň metr ýol gurar. Şeýle hem häzirki wagtda hereket edýän ýoluň 5,4 müň metriniň durkuny täzelemek işlerini ýerine ýetirer.  Gurluşyk işlerine ýol-gurluşyk tehnikasynyň jemi 118 sanysy we işçileriň 350-si gatnaşýar. Häzirki wagtda işleriň bir bölegi eýýäm tamamlandy.