logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Science and Education /Ökdeler öňe saýlandy
  18.02.2020
1186
Ökdeler öňe saýlandy

     Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimize, mähriban Arkadag Prezidentimize wepaly, giň dünýägaraýyşly, ruhy belent ýaş nesli kemala getirmek, orta mekdepleriň okuwçylarynyň okuw derslerine gyzyklanmalaryny ýokarlandyrmak, döredijilik bilen meşgullanýan zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, Türkmenistan Bilim ministrligniň buýrugyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki 16-njy orta mekdebinde mekdep okuwçylarynyň welaýat ylmy-döredijilik taslama bäsleşigi geçirildi. Bu geçirilen ylmy döredijilik taslama bäsleşigine  öz okaýan mekdeplerinde we ýaşaýan etraplarynda deň-duşlarynyň arasynda bäsleşiklerde öňe saýlanan welaýatyň mekdepleriniň 10-njy, 11-nji synp okuwçylary gatnaşdylar. Welaýatyň etrapdyr şäherlerinden ylmy - döredijilik taslama bäsleşiklerinde ýeňiji bolup gelen okuwçylar ynsançylyk, takyk we tebigy ugurlar boýunça bäsleşdiler. Bäsleşige jemi 76 okuwçy gatnaşdy.

      Ugurlar boýunça bäsleşige gatnaşan okuwçylar öz getiren taslama işlerini Ahal welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan döredilen emin agzalarynyň öňünde goradylar. Emin agzalar bolsa, bäsleşige hödürlenen işleriň ylmylygna, täzeçillikligine we olaryň durmuşdaulanmak mümkinçiliklerine hem-de okuwçylaryň öz taslama işlerini gorap biliş ukyplaryny göz öňünde tutup, her ugur boýunça bir sany I orun, bir sany II orun, iki sany III orun bäsleşigiň Döwlet tapgyryna gatnaşdyrmaklyk üçin orunlary kesgitlediler.

     Mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen bu ylmy-döredijilik taslama bäsleşigi welaýatyň Tejen şäheriniň we Ak bugdaý, Sarahs etraplarynyň mekdep okuwçylarynyň has ykjam taýýarlykly gelendiklerini görkezdi. Bäsleşikde ýeňiji bolan okuwçylara Ahal welaýat Baş bilim müdirliginiň Hormat hatlary we gymmat baha sowgatlar gowşuryldy.