logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Okuw maslahaty geçirildi
  20.11.2019
1067
Okuw maslahaty geçirildi

    Ak bugdaý etrabynyň Bereketli zaman şäherçesinde “Arkadagyň paýhasy — ýurduň beýik binýady” ady bilen okuw maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi, welaýat Polisiýa müdirligi hem-de welaýat Migrasiýa müdirligi tarapyndan bilelikde guralan okuw maslahat “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” ýylyna bagyşlandy. Oňa Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň şäherdir etrap birleşmeleriniň, ilkinji guramalarynyň ýolbaşçylary, işgärleri, işjeň agzalary hem-de degişli edara-kärhanalaryň, guramalaryň hünärmenleri gatnaşdy.

    Okuw maslahatynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, şan-şöhratyny belende götermek ugrunda edýän taýsyz tagallalary, bu ugurda kabul edýän taryhy resminamalary barada anyk mysallar arkaly täsirli gürrüň etdiler. Olar çykyşlarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde garalan meseleler we kabul edilen çözgütler dogrusynda aýratyn durup geçmek bilen, döwlet Baştutanymyzyň Esasy Kanunymyzy — Türkmenistanyň Konstitusiýasyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, iki palataly parlamentiň işlemegine esas boljak kanunçylyk binýadyny döretmek bilen baglanyşykly başlangyjynyň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdiler.

     Turuwbaşda işjeň we täsirli geçen okuw maslahatynyň dowamynda  Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat, şäher-etrap birleşmeleriniň, ilkinji guramalarynyň öňdebaryjy hormat hatlarydyr ýörite sowgatlaryň gowşurylyş çäresi boldy. Oňa gatnaşyjylar merdana pederlerimiziň milli ýörelgelerine eýermek bilen, halkymyzy eşretli geljege, ata Watanymyzy rowaçlyklaryň ýoly bilen öňe alyp barýandygy üçin Gahryman Arkadagymyzyň adyna  tükeniksiz alkyş aýtdylar.