logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Okuw maslahaty geçirildi
  03.09.2021
655
Okuw maslahaty geçirildi

Ak bugdaý etrabynyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynda pagta ýygymy möwsüminde tehniki howpsuzlygy berjaý etmek boýunça okuw maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat hem-de Ak bugdaý etrap birleşmeleriniň bilelikde guramagynda geçirilen okuw maslahatyna kärhanada zähmet çekýän mehanizatorlar gatnaşdy.

         Okuw maslahatynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat hem-de etrap birleşmeleriniň degişli hünärmenleri çykyş edip, oba hojalygynda jogapkärli möwsüm hasaplanýan pagta ýygymynyň ýetip gelýändigini, möwsümde tehnikalary, ylaýta-da, pagta ýygyjy kombaýnlary bökdençsiz we netijeli işletmegiň esasy talaplaryň biridigini aýtdylar hem- üstümizdäki şanly ýylyň gowaça hasylyny ýygnamaga gatnaşjak mehanizatorlara tehniki howpsuzlygyň kadalaryny berjaý etmek bilen bagly gymmatly maslahatlaryny berdiler. Okuw maslahatynda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, pagta ýygymyny bökdençsiz alyp barmakda kombaýnlary erk edýän  mehanizatorlara uly bil baglanýar. Şonuň üçin hem mehanizatorlar möwsümde tehniki howpsuzlygynyň kadalaryna berk eýermelidir, özlerine ynanylýan ýokary tehnologiýaly kuwwatly kombaýnlara aýawly garamalydyr, olaryň saz işlemegini gazanmalydyr.