logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ «Biznes-Intellekt» bäsleşigi ýaş zehinleri ýüze çykardy ✦ ✦ Syýahatçylyk mekdebiniň talyplary türkmen haly sungaty bilen tanyşdylar ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦
Home / Society /Okuw maslahaty geçirildi
  19.08.2022
699
Okuw maslahaty geçirildi

Ýakynda Tejen etrap häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň tassyklan iş meýilnamasy esasynda “Bagtyýarlygyň binýady” ady bilen okuw maslahaty geçirildi.

 

 

Maslahata Tejen etrabynyň edara-kärhanalarynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklary, gaznaçylary hem-de etrap birleşmesiniň işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň hukuk gözegçisi Handurdyýew Baýram, tehniki gözegçisi Annanyýazow Şamuhammet şeýle hem Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň derňewçisi Gurbanow Döwran dagylar çykyş etdiler.

 

 

Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe kärdeşler arkalaşyklarynyň öňünde durýan wezipeleri we olaryň hukuk binýadyny pugtalandyrmakda kabul edilen möhüm kanunçylyk resminamalaryndan gelip çykýan wezipeler hakynda we zähmet çekýän raýatlaryň arasynda tehniki howpsuzlygyny berkitmek barada hem-de kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynda iş resminamalarynyň ýöredilişi, kärhanada zähmet çekýän zähmetkeşleriň zähmetiniň, hukuklarynyň goralyşy, agzalyk şahadatnamalaryň tutulyşy hem-de “Köpçülikleýin şertnamalaryň” baglaşylşy barada giňişleýin belläp geçdiler. Okuw maslahatyň dowamynda kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklary, gaznaçylary we işewürleri şu güne çenli ýerine ýetirilen işler barada özara pikir alyşdylar, Kärdeşler arkalaşyklarynyň öňünde durýan wezipelerini ýerine ýetirmek ugrunda alyp barýan işleri we Türkmenistanyň Zähmet hakyndaky kodeksini işläp geçmek maksady bilen zähmetkeşleriň arasynda zähmeti goramak, döwrüň talabyna laýyk iş we dynç alyş şertlerini döretmek barada  pikir alyşdylar.  

 

 

Maslahatyň ahyrynda ösüşleriň ýoly bilen halkyny öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň  we Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

 

 

Maral  AKYÝEWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap
birleşmesiniň esasy hünärmeni.