logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Science and Education /Okuw maslahaty geçirildi
  06.01.2023
1004
Okuw maslahaty geçirildi

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda-da 2022-2023-nji okuw ýylynyň II ýarymynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda bilim işgärleriniň tejribesini artdyrmak maksady bilen «Arkadag Serdarly  bagtyýar ýaşlar» ýylynyň Ýanwar aýynyň 03-05-i aralygynda Tejen etrabynyň 15-nji, 41-nji hem-de 42-nji orta mekdeplerinde «Ösüp gelýän nesillerimize ata-babalarymyzyň öwüt-ündewleriniň esasynda bilim we terbiýe berlişini has-da kämilleşdirmek milli bilim ulgamynyň wajyp wezipesi bolup durýar» atly şygar astynda Ýanwar usuly-amaly okuw maslahaty geçirildi. Maslahata etrap bilim bölüminiň hünärmenleri, orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň müdirleri hem-de öňdebaryjy bilim işgärleri gatnaşdylar.

«Arkadag Serdarly  bagtyýar ýaşlar» ýylynyň ýanwar aýynyň 6-syna bolsa usuly-amaly okuw maslahatynyň jemi jemlenip, etrabyň 30-njy orta mekdebiniň mejlisler zalynda  okuw ýylynyň I ýarymynda tapawutlanyp zähmet çekýän öňdebaryjy bilim işgärlerine Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Tejen etrap Geňeşi hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Maslahatyň ahyrynda bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, edep-terbiýeli ynsanlar bolup ýetişmegi üçin taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimize alkyşly sözlerini aýtdylar. 

 

Myrat ÇARYÝEW,

Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler 
arkalaşyklarynyň Tejen etrap 
Geňeşiniň başlygy.