logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Interesting /Okuw sapaklaryna taýýarlanmak üçin peýdaly maslahatlar
  21.01.2023
1628
Okuw sapaklaryna taýýarlanmak üçin peýdaly maslahatlar

Talyplaryň okuw sapaklaryna taýýarlanmaklary üçin käbir peýdaly maslahatlar:

Özüňizi höweslendiriň!
 

Munuň üçin bir kagyzyň ýüzüne özüňiziň näme sebäpden okaýandygyňyzy we nähili maksatlara ýetmek isleýändigiňizi sanaw görnüşinde ýazyň. Bu sanaw näçe uly bolsa, şonça-da gowy, iň bir ýönekeý sebäplere çenli ýazyň. Wagtal-wagtal şol sanawy okap durmak sizi ruhlandyrar, okuwa çynlakaý çemeleşmäge höweslendirer. Her bir özleşdiren maglumatyňyzy durmuşda ulanylýan ýeri bilen baglanyşdyryp öwreniň. 

Özüňizi yzygiderli sylaglaň! 

Meselem, sapakdan soň nähilidir bir halaýan zadyňyzy iýiň, öý haýwanyňyz bilen oýnaň. Synagdan ýa-da ders bäsleşiklerinden soň bolsa ulurak sylag goýuň, meselem köpden bäri isleýän zadyňyzy satyn alyň. 

Okuw bilen dynç alşyň wagtyny sazlaň!

30-50 minut aralygynda sapaklara taýýarlananyňyzdan soň arakesme ediň. Munuň ýene bir usuly: ýerine ýetirmeli işleriňizi ownuk böleklere bölüň we olaryň her birini tamamlansoň kiçiräk arakesme ediň. Arakesme wagtynda ýeňil beden maşklaryny we göz maşklaryny ýerine ýetirmek maslahat berilýär. Okuw işlerine endik edinmek üçin her gün şol bir kesgitli wagtda başlaň. Synaglara taýýarlyk döwrüni öňünden meýilnamalaşdyryň. 

Kimdir biri bilen bile taýýarlanyň! 

Şol bir otagda taýýarlanmak zerur däl, emma ýerine ýetiren işleriňiz barada kimdir biri bilen pikir alyşmak möhümdir. 

Ünsüňizi böljek faktorlary aradan aýryň! 

Okuwdan öň garnyňyzy doýruň we ýeterlik mukdarda suw içiň. Sebäbi açlyk we suwsuzlyk okuw işlerinden siziň ünsüňizi sowar. Okuwyňyza hiç zat päsgel bermejek ýerde meşgullanyň, meselem, kitaphanada. Okuw üçin zerur bolmadyk elektron enjamlaryny ulanmaň. 

 

Aýna KAŞAŇOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.