Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Buýan ösümliginiň dermanlyk häsiýeti ✦ ✦ Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyry ✦ ✦ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦ ✦ Gyz-gelinler — milli bitewüligiň we dowamlylygyň nyşany ✦ ✦ Energetika howpsuzlygy we sebit durnuklylygy ✦ ✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦ ✦ Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Ol goja senetkär Babagammaryň, Mähir-yhlasyndan dörän dutarym!
  27.02.2023
737
Ol goja senetkär Babagammaryň, Mähir-yhlasyndan dörän dutarym!

Mälim bolşy ýaly, «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu habar bütin türkmen halkynyň ýüreginde çäksiz buýsanç, guwanç duýgusyny döretdi. Ol Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda paýhas bilen döreden gymmatlyklarynyň ähmiýetiniň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini ýene bir gezek tassyklaýar. Halkymyzyň döreden milli gymmatlyklarynyň dünýä mirasynda mynasyp orny bar. Şol gymmatlyklaryň naýbaşy nusgalarynyň biri-de türkmeniň parahatçylyksöýüji häsiýetini sazyň dili bilen beýan edýän türkmen dutarydyr.

Kärine ussat ussalaryň çeper döredijilik işiniň nusgasy bolan dutar milli saz guralyny ýasamak tejribesi, ezber elli sazanda tarapyndan onda saz çalmak we bagşylar tarapyndan aýdym aýtmak sungaty — ýyllaryň synagyndan geçip gelen, juda kämilleşen sungat. Bu sungat zanny ýagşylyga, päklige ýugrulan türkmeniň dostlugynyň, doganlygynyň, ynsanperwerliginiň köňül kelamyny il-uluslara ýetirýär. Dutar sazlary türkmeniň ýürek owazy bolup, ynsanlary parahatçylyga, jebislige çagyrýar. Türkmen sazynyň beýik hyzmaty halkymyzyň ynsanperwerlige esaslanýan ruhy taglymatyny dünýä ýaýýanlygyndadyr.

Merdana halkymyz gadymy döwürlerden şu günlere çenli gelip ýeten baý medeni mirasyny, halk döredijiligini, ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýratyn sarpalaýar. Häzirki döwrümizde bu gymmatlyklaryň adamzat üçin taryhy ähmiýeti dünýä ýaýylýar. Çünki gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan milli gymmatlyklaryň ösdürilmegi we çuňňur öwrenilmegi jemgyýetiň sazlaşykly ösüşiniň ilerlemegine, pederlerimiziň paýhasy bilen döredilen mirasymyza bolan söýgüdir hormatyň has-da artmagyna uly itergi berýär. Watançylyk duýgularyna eýlenen gadymy dessanlarymyz, aýdym-sazlarymyz, halk döredijiligimiz, sungat derejesine ýetirilen milli senetlerimiz umumadamzat ähmiýetli gymmatlyklarymyzdyr. 

 

Batyr JUMAÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.