logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Oleg Kononenko - Halkara kosmos stansiýasynyň serkerdesi wezipesine bellendi
  14.03.2024
709
Oleg Kononenko - Halkara kosmos stansiýasynyň serkerdesi wezipesine bellendi

Russiýanyň asly türkmenistanly kosmonawty Oleg Kononenko Halkara kosmos stansiýasynyň komandiri wezipesine bellendi. Oňa bu wezipäni Daniýadan Ýewropanyň kosmos agentliginiň astronawty Andreas Mogenson geçirdi.

 

Serkerdeligi geçirmek bilen, Mogenson oňa bekediň simwoliki açaryny gowşurdy. Şondan soňra däbe görä, gäminiň jaňy üç gezek kakyldy. Oleg Kononenko HKS-e 2024-nji ýylyň sentýabryna çenli ýolbaşçylyk eder. 

 

Ýeri gelende belläp geçsek, Kononenko Türkmenabat şäherinde doglup, şol ýerde-de önüp-ösdi. Ol Türkmenistanyň Gahrymanydyr. Kononenko bu döwürde özüniň älemde bolmagynyň dünýä rekordyny täzelär. Ýagny ol 1110 gije-gündiz älemde bolar.

 

Gülüstan GUWANJOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.