logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /On bir aýyň soltany
  24.03.2023
989
On bir aýyň soltany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň syýasy-taryhy wakalaryna beslenýän Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ýakymly günleri ýene-de bir ajaýyp sene bilen utgaşdy. Ata-babalarymyzyň döwletlilik ýörelgelerinden gözbaş alýan, aýlaryň serweri hasaplanylýan, külli musulman ymmatynyň ýagşy umyt-arzuwlarynyň, päk niýetleriniň wysaly bolan Oraza aýy ýetip geldi.

Oraza tutmagyň ynsanyň beden we ruhy saglygyna edýän oňyn täsirlerini häzirki zaman lukmançylyk ylmy hem tassyklaýar. Iýmit siňdiriş ulgamynyň, bagryň 8-16 sagatlap dynç almagynyň peýdasy uludyr. Munuň özi 11 aýyň dowamynda bedende ýygnanan zyýanly ýaglaryň eremegini üpjün etmek bilen, ynsany semizlikden, ganda süýjiniň derejesiniň artmagy, damarlaryň gatamagy, ýüregagyry, gan basyşynyň ýokarlanmagy ýaly näsazlyklardan goraýar.

Oraza tutmak diňe bir dürli tagamlary iýmekden saklanmak däl, bu mübärek aý adamlaryň kanagatly bolmagyna, nebsine garşy durmak ukybynyň artmagyna-da oňyn täsirini ýetirýär. Göwnüne degen adamyňdan ötünç soramaga özünde güýç tapan, tersleşenleri ýaraşdyran adamlar şu aýda sogapdan iň köp paýly boljaklardyr.

Oraza aýynyň aýratyn tapawutlanýan taraplarynyň biri — ýaşuly hem ýaş nesliň arasyndaky özara jebisligiň pugtalanmagydyr, milli terbiýäniň ýaýylmagydyr. Ýaşuly nesliň wekilleri ýaşlaryň arasynda päk göwünli bolmagy, birek-birege goldaw-hemaýat bermegi, mukaddes Watana, maşgalaňa, ata-eneňe, il-günüňe hormat goýmagy, asylly maksatlara uýmagy öwüt-ündew edýärler.

Jemgyýetiň jebisligini öňküden-de pugtalandyrýan bu mukaddes aýyň ýaraşygy hasaplanýan Gadyr gijesiniň hem-de Oraza baýramynyň ähmiýeti örän uludyr. Ol hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda döwletimizde iň sogaply işleriň, ynsanperwerligiň, haýyr-sahawatyň çäksizdigini, ýagşylyga ýugrulan ajaýyplyklaryň giňden berkarar edilýändigini doly açyp görkezýär.  

Oraza iň bir sahawatly, ýagşy aýlaryň biridir. Goý, Oraza aýynda ediljek tagat-ybadatlar, okaljak doga-dilegler, aýat-töwürler, okaljak tarawa namazlar Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun!

 

Annanur JUMAÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 
institutynyň talyby.