logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Science and Education /Öňdebaryjy bilim işgärleri Hormat haty bilen sylaglanyldy
  13.01.2026
380
Öňdebaryjy bilim işgärleri Hormat haty bilen sylaglanyldy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde häzirki dünýäniň ruhy hem ahlak taýdan uzak gözýetimleri nazarlaýan taryhy ösüşiniň meýillerinde ýurdumyzyň milli bilim ulgamynda düýpli özgertmeleri dowamly amala aşyrmaga işjeň gatnaşýan pedagogik işgärleri mertebelemek hem-de olaryň asylly zähmetini sylaglamak maksady bilen dabara geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň web sahypasy habar berýär.

 

Dabaranyň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim özgertmelerini durmuşa geçirmegiň, Hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk kitaplary we gymmatly taglymatlary esasynda ylymly, bilimli we watansöýüji nesli kemala getirmekde döredijilikli zähmet çekýän, pedagogik ylmyň we terbiýäniň häzirki zaman maglumatlary hem-de nazaryýetleri esasynda bilim işini ýokary derejede alyp barýan mekdep we okuw jaýlarynyň öňdebaryjy bilim işgärleriniň uly topary Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Hormat haty” hem-de ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.  

 

Häzirki döwürde milli bilim ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler dowamly amala aşyrylýar, ýurdumyzyň bilim ulgamy dünýäniň bilim giňişliginde mynasyp ornuny eýeläp, sazlaşykly ösýär. Halkara bilim bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, öňdäki orunlara eýe bolýan mekdep okuwçylarymyz hem-de talyp ýaşlarymyz döwletimiziň bilim edaralarynda berilýän bilimiň ýokary hilini, bäsleşige ukyplylygyny, netijeliligini öz gazanýan ýeňişleri bilen yzygiderli subut edýärler.

 

Dabara çäklerinde, ýurdumyzyň umumybilim berýän edaralarynyň pedagogik işgärleriniň ýaş nesilleri döwrebap, milli buýsançly, watansöýüji we zähmetsöýer nesiller edip kemala getirmekde döredijilikli zähmetiniň aýratyn ähmiýeti belent baha bilen beýan edildi. Sylaglanan öňdebaryjy bilim işgärleri öz çykyşlarynda ýürek buýsançlaryny aýdyp, hormatly kärlerinde mundan bu ýana hem  yhlasly zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermekde döredýän giň mümkinçilikleri üçin çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.

 

Didarmuhammet MELEJÄÝEW,
 
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.