logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Poetry /Öňe Türkmenistan Bitarap Watan
  30.03.2020
2250
Öňe Türkmenistan Bitarap Watan

Sahawatly keramatly Diýarym,

Dünýäde ykrarym sen köňül barym,

Öz penaňda sakla eý Biribarym,

Öňe Türkmenistan Bitarap Watan.

 

Türkmenistan Bitaraplygyň mekany,

Şan şöhradyň haýran edýär jahany,

Çar tarapdan garşy alýaň myhmany,

Öňe Türkmenistan Bitarap Watan.

 

Gözelligiň bendi edýär älemi,

Bäş welaýat jemdir rahatdyr demi,

Älemde tapylmaz bu ýurduň deňi,

Öňe Türkmenistan Bitarap Watan.

 

Topragyň keremdir melhemdir howaň,

Gün günden özgerýär şäherdir obaň,

Bagtdan paý alypdyr ajap nesibäň,

Öňe Türkmenistan Bitarap Watan.