Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ahalteke bedewi türkmen halkynyň buýsanjy ✦ ✦ Sagdyn jemgyýet — ösüşiň ygtybarly binýady ✦ ✦ Jobs In Ashgabat: iş berijiler we iş gözleýänler üçin HR consulting hyzmatlary ✦ ✦ Pekin emeli aň pudagynyň umumy ykdysady göwrümini 1 trillion ýuana ýetirmegi meýilleşdirýär ✦ ✦ Türkmenistanda “Ak şäherim Aşgabat” sergisi geçirilýär ✦ ✦ Halkara tejribe alyşmak maksady bilen okuw seminary guraldy ✦ ✦ Aşgabatda Bütindünýä hindi dili güni dabaraly bellenildi ✦ ✦ Halkara energetika hyzmatdaşlygy — ösüşiň binýady ✦ ✦ Emeli aň bilen milli ykdysady howpsuzlyk pugtalandyrylýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda pedagogik işgärleriň usuly-amaly okuwy geçirildi ✦
Baş sahypa / Syýasat /Oňyn özgertmeler täze eýýamyň ösüşiniň aýdyň nyşany
  14.02.2023
1154
Oňyn özgertmeler täze eýýamyň ösüşiniň aýdyň nyşany

Üstünlikler bilen rowaçlanýan «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynyň her bir güni şanly wakalar bilen baýlaşýar. Arkadagly Serdarymyzyň asylly ýörelgesine esaslanýan oňyn maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, ýurdumyz öňde goýlan maksatlara tarap ynamly öňe barýar. Ata Watanymyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine gönükdirilen döwlet we milli maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmaga, innowasiýa-maglumat tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açmaga, maşyngurluşyk, energetika, nebitgaz senagaty, gurluşyk, oba hojalyk, sanly tehnologiýalar, bedenterbiýe we sport ulgamlarda ösüşleri gazanmaga aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda dünýä ýurtlary bilen alnyp barylýan netijeli gatnaşyklar söwda-ykdysady, maýa goýum we medeni-ynsanperwer ulgamlarda uzak möhletleýin oňyn hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasyna öwrülýär.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şanly ýylymyzyň her bir güni möhüm wakalara baý bolup, hormatly Arkadagly Serdarymyzyň Türkmenistan Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirýän netijeli başlangyçlarynyň we maksatnamalarynyň üstünliklere beslenýändiginiň şaýady bolmak kalplary buýsanja hem guwanja besleýär. Bu ugurda häzirki hem-de geljek nesilleriň durmuşynyň abadançylygy bu giň möçberli işleriň baş maksadydyr.

Ýurdumyzda kabul edilen 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda ylym-bilim ulgamynda netijeli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz degişli pudaklarda sanly ulgama geçmekligiň möhüm wezipedigini nygtamak bilen, elektron görnüşli hyzmatlardan netijeli peýdalanmaklyga ünsi çekýär. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny mundan beýläk hem ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen, ylmyň soňky gazananlary hem-de okatmagyň innowasion usulyýeti giňden ornaşdyrylýar. Arkadagly Serdarymyzyň ösen innowasiýa babatyndaky öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini ornaşdyrmaga gönükdirilen ýörelgelerine esaslanyp Garaşsyz Diýarymyzda kämil hem-de hil taýdan ösen ykdysady ösüş gazanylýar, netijeli sepgitlere eýe bolunýar. Sanly bilim ulgamyny ösdürmek dürli tehnologiki we ylmy täzelikleriň üstünde işlemegi we döretmegi, bilim ojaklaryna innowasion tehnologiýalary çalt depginde ornaşdyrylmagyny hem-de olaryň maglumat binýadynyň berkidilmegini üpjün edýär. Şeýle oňyn özgertmeler bolsa eziz Diýarymyzy ösüşlerden ösüşlere, rowaçlyklardan rowaçlyklara besleýär. 

 

Agajan ŞÜKÜROW,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we 
sport institutynyň talyby.