logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / In the world /Organiki polimerlerden elektrikli ulag üçin batareýa döredildi
  07.11.2022
962
Organiki polimerlerden elektrikli ulag üçin batareýa döredildi

Şwesiýa bilen Finlýandiýanyň bilelikdäki kompaniýasy bolan «Stora Enso»-nda zähmet çekýän alymlar elektrikli ulaglara zarýad beriş wagtyny ep-esli azaldyp biljek batareýanyň täze görnüşini döretdiler. Alymlar bu batareýany uly öwrülişikdigini öňe sürýärler.

Alymlaryň täze oýlap tapyşynyň merkezinde ähli agaçlaryň takmynan 30%-ini emele getirýän organiki polimer bolan «lignin» atly bir material bar. Alymlar «lignin»-i gaty ugleroda öwürmek bilen, batareýa tehnologiýasynda uly öwrülişik boljak arzan bahaly, aşa täsirli anod döretmegi başardylar.

Täze oýlanyp tapylan batareýa bilen elektrikli ulaglara zarýad beriş wagtyny 20 minuda çenli gysgaldyp boljakdygy öňe sürülýär.

«Lignin» - dünýädäki iň köp bio-çeşme bolup durýar. Şonuň üçin alymlar, gözlegleriň dowam etmegi bilen has ekologiýa taýdan arassa we arzan «lignin» esasly materiallaryň öndüriljekdigini çaklaýarlar. «Stora Enso» - 2025-nji ýyla çenli anodlary täjirçilik taýdan öndürmegi maksat edinýän zawod açmagy meýilleşdirýär. 

 

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.