logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Interesting /ORHIDEÝA DRAKULA
  16.04.2022
1155
ORHIDEÝA DRAKULA

      Tebigat täsin, we ajaýyp ösümlikleri bilen haýran galdyrýar. Şeýle üýtgeşik we mylaýym ösümlikleriň biri hem orhidea drakuladyr. Maýmyn şekilli orhideýa drakula (draçula simia) birnäçe adamlary gyzyklandyrmagy başardy emma köp adamlar entegem bu ösümligiň tebigat tarapyndan döredilendigine ynanyp bilenoklar.Bu ösümlik günorta we merkeziт Amerikanyň çygly tokaýlarynda ýaýran. Bu seýrek ösümligi  “drakula simiýa” botanik Luer 1978-nji ýylda günorta-gündogar Ekwadoryň uly dagly tokaýlyklarynda gabat gelýär.Dogry ideg edilende drakula simia ýylyň dowamynda gülläp otyrýar.Bu görnüşi gülleri meşhur etdi olar maýmynyň ýüzüni ýada salýar. Tebigatda bu ösümlik dagly ýerlerde ösýär, oňa çygly gurşaw we günüň ýiti şöhlesinden goranmak möhümdir. Eger-de orhideýa drakulany ösdürmek isleseňiz öňünden onuň ýaşaýyş gurşawy barada alada ediň.Temperaturasy tomus günleri +24 gradus we howanyň salkyn günleri +12 gradus bolmalydyr.Günüň ýiti şöhlesinden goralmadyk ýagdaýynda güllemegini bes edýär.Bu täsin ösümlige öý şertlerinde  ideg etmek kyndyr emma örän owadan bezeg berýär.

Nurjykow Babamyrat
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby