logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /Örme we tikin önümleriniň jemi 29 müň 540 sanysy taýýarlanyldy
  02.02.2023
1026
Örme we tikin önümleriniň jemi 29 müň 540 sanysy taýýarlanyldy

Türkmenistanyň dokma senagat pudagy düýpli ösüşleri başdan geçirýär. Bu ulgamyň düzümine girýän, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda ýerleşýän Tikin we aýakgap fabrikler toplumy hem öňdebaryjylaryň hatarynda özüne mynasyp orun tapýar. Toplumda 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda pul hasabynda bitirilen işleriň 1,5 million manatlyga golaýlandygy hem munuň şeýlediginiň aýdyň güwäsidir.

Bu häzirki zaman toplumynda şu ýylyň ýanwar aýynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, aýakgap jübütleriniň, şeýle hem örme we tikin önümleriniň taýýarlanylyşynyň pul möçberindäki ösüş depgini 135 göterime barabar ýokarlandyryldy.

Şu döwürde toplumyň aýakgap fabriginde taýýarlanylan ýokary hilli aýakgap jübütleriniň sany 3 müňe ýetdi. Tikin fabriginiň ezber elli gelin-gyzlary bolsa dürli biçüwli, ýaraşykly örme we tikin önümleriniň jemi 29 müň 540 sanysyny taýýarladylar. Ýeri gelende aýtsak, bu görkezijiler, geçen ýylyň ýanwar aýyndaka garanyňda, toplumda 1 müň sany aýakgap jübütleriniň, 16 müň 183 örme we tikin önümleriniň artyk öndürilendigini görkezýär.