logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Science and Education /Orta mekdep okuwçylary üçin ders bäsleşigi geçiriler
  08.03.2025
2802
Orta mekdep okuwçylary üçin ders bäsleşigi geçiriler

Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilelikde, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi we intellektual mümkinçilikleriniň kämilleşmegi üçin, "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" mynasybetli "Bilim – üstünlige eltýän ýol" atly ders bäsleşigini geçirýär.

 

Bäsleşik Matematika, Fizika, Himiýa we Biologiýa dersleri boýunça orta mekdepleriň 10–12-nji​ synp okuwçylarynyň arasynda iki tapgyrda guralar. Bäsleşigiň tapgyrlary

 

1-nji tapgyr: Telebäsleşik​ görnüşinde geçirilip, turkmentv​.gov​.tm saýty hem-de SMS ulgamy arkaly guralar.

 

Okuwçylara test görnüşinde 60 sorag berler, şonuň 50-sine dogry jogap berenler bäsleşigiň 2-nji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanarlar.

 

2-nji tapgyr (jemleýji final): Aşgabat şäherinde geçirilip, oňa gatnaşmaga hukuk gazanan okuwçylara ýörite SMS arkaly habar berler.

 

Bäsleşige göni final tapgyryndan gatnaşyp biljek okuwçylar:

 

- 2024–2025-nji​ okuw ýylynda ýokary okuw mekdepleriniň guramagynda geçirilen ders bäsleşikleriniň ýeňijileri;

 

- Döwlet derejesindäki ders bäsleşikleriniň jemleýji tapgyrlarynyň ýeňijileri;

 

- Bilim ministrligi tarapyndan halkara bäsleşiklere gatnaşmaga saýlanylan okuwçylar.

 

Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan diplomlar we höweslendiriji sylaglar gowşurylar.

 

Bäsleşige gatnaşmak üçin Hasaba durmak üçin 0530 gysga belgisine S25​ koduny iberip bilersiňiz.

 

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: • Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 44 -85 -42 •

 

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Mahabat” müdirligi: 44 -24 -97