logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk — türkmen halkynyň synmaz ýoly ✦ ✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Orta mekdeplerde okuwçylara italýan dili öwrediler
  03.09.2022
1009
Orta mekdeplerde okuwçylara italýan dili öwrediler

Täze 2022-2023-nji okuw ýylyndan başlap, ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň ýöriteleşdirilen mekdeplerinde italýan dili öwredilip başlanar. Mundan ozal, paýtagtymyzyň ýöriteleşdirilen 85-nji orta mekdebinde italýan dili aýry ders hökmünde girizilipdi.

 

 

Häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda hereket edýän ýöriteleşdirilen mekdeplerde okuwçylara rus, iňlis, ýapon, hytaý, koreý, nemes, fransuz, arap we pars dilleri öwredilýär. Belläp geçmeli zatlaryň biri italýan dili ýurdumyzyň mekdeplerinde öwrenilýän daşary ýurt dilleriniň onunjysydyr.