logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Technology /Ösen innowasiýalar bilen geljegi nazarlap
  27.12.2022
937
Ösen innowasiýalar bilen geljegi nazarlap

Arkadagly Serdarymyzyň beýik başlangyçlary netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamy täze sepgitlere eýe bolýar. Bilim ulgamynda gazanylýan özgertmeleriň hereketlendiriji güýji hökmünde ösen innowasiýalar, häzirki zaman kämil kompýuter tehnologiýalary hyzmat edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesiller dünýädäki bolup geçýän ylmy täzeliklerden, ösen tehnologiýalardan, akylly enjamlardan habarly bolmalydyr. Bu ugurda döwletimizde uly aladalar edilýär. Eziz ýurdumyzyň häzirki zaman ylmynyň we tehnikasynyň durmuşa ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Häzirki wagtda täze tehnologiýalar, kämil serişdeler ýurt ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda giňden ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz maglumat tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmaklygyň zerurlygyny yzygider nygtamak bilen, ýokary okuw mekdeplerinde taýýarlanylýan geljekki hünärmenleriň kompýuter sowatlylygynyň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berýär. Ylymda, bilimde, senagatda, oba hojalykda, saglygy goraýyşda, sportda, umuman jemgyýetçilik durmuşynyň ähli pudaklarynda täze tehnologiýalar giňden ulanylýar. Olaryň ulanyş geriminiň gitdigiçe artmagy maglumatlar tilsimatynyň giň mümkinçiliklerinden sowatly peýdalanyp bilmeklik meselesini hem orta atýar. Bitarap Türkmenistan döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan uly ösüşlere eýe bolýan döwründe bu möhüm wezipeler üstünlikli çözülýär. Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda zähmet öndürijiligi ýokarlanyp, öndürilýän önümleriň hili dünýä ülňülerine laýyk getirilýär. Ylym ulgamynda eýe bolunýan özgerişler, ösüşler hem aýdyň duýulýar. Hormatly Prezidentimiziň bu ulgamy ösdürmek barada kabul eden kararlary ylym ulgamynyň öňe ilerlemegine batly itergi berýär. Häzirki zamanda milli ykdysadyýetimiziň dünýä derejesine çykmagynda maglumat ulgamyny kämilleşdirmek meselesi esasy orny eýeleýär. Ýurdumyzyň häzirki zaman tilsimaty, giň maglumatlar binýady bilen üpjün edilen islendik edara-kärhanalary, bilim edaralary kämil tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanýar.

Sebäbi häzirki zaman bilim ulgamynyň uly ösüşine eýermek, onuň dürli talaplaryna laýyklykda maglumatlary çalt depginde işläp taýýarlamak kompýuter serişdeleriniň ulanylmagyny talap edýär. Dünýäde at-abraýy günsaýyn belende galýan ata Watanymyzyň bedew bady bilen öňe barýan menzillerinde Arkadagly Serdarymyzyň beýik başlangyçlary mundan beýläk hem şöhratlansyn! Şeýle giň möçberli alyp barýan tutumly işleri üçin Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys! 

 

Baýram DOSNAZAROW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.