logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Interesting /ÖSÜMLIK WE HAÝWANAT DÜNÝÄSINDEN
  01.04.2022
1649
ÖSÜMLIK WE HAÝWANAT DÜNÝÄSINDEN

- Deňiz leňňejiniň (lobster) gany reňksiz bolýar, emma ol kislorod bilen garyşanda gök reňke öwrülýär;

- Ösümlikleriň 85%-i deňizlerde ösýär;

- Kolibri yzlygyna uçup bilýän ýeke-täk guşdur;

- Piller gulaklarynyň kömegi bilen bedeniniň temperaturasyny sazlaýarlar;

- At we goýnuň göreji gönüburç şekilindedir;

- Krokodiller suwuň düýbüne çümmek üçin daş ýuwudýarlar;

- Kepderiniň süňki onuň ýeleklerinden ýeňildir;

- Teneçir iň çalt uçýan mör-möjek hasaplanýar. Onuň tizligi 57 km/sag ýetýär;

- Mör-möjekler mundan 400 müň ýyl öň peýda bolupdyrlar;

- Häzirki wagtda balarylaryň 20 müňe golaý görnüşi mälim;

- Garynjalar hiç wagt uklamaýarlar;

- Ýer-ýüzündäki guşlaryň görnüşi näçe bolsa (900NULL), garynjalaryň hem şonça (880NULL) görnüşi bardyr;

- Bal arylaryň 5 sany gözi bardyr. Üç sanysy kellesiniň ýokarky böleginde, iki sanysy bolsa öň tarapynda ýerleşýär;

- Pyrtykal näçe uly bolsa şonça hem süýjüdir.

Güljan MIRIÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.