Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Frankfurtda “Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleri” forumy üstünlikli tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň halk suratkeşi Babasary Annamyradow «Geljegiň mirasy» halkara baýragyna mynasyp boldy ✦ ✦ TSTP-da startapçylaryň arasynda duşuşyk geçirildi ✦ ✦ “Sanly çözgüt—2025” bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi ✦ ✦ Milli oýunlaryň çaga terbiýesindäki orny ✦ ✦ «Türkmentel – 2025» öz işine başlady ✦ ✦ Pekinde «Hytaý diliniň Bütindünýä maslahaty – 2025» atly halkara çäre geçirildi ✦ ✦ Sanly dolandyryş ulgamynda döwletiň täze ösüş tapgyry ✦ ✦ TDEI-de bag ekmek dabarsy geçirildi ✦ ✦ Mekdebe çenli ýaşlarda çagalar üçin milli oýunlaryň ähmiýeti ✦
Baş sahypa / Gyzykly /ÖSÜMLIKLER DÜNÝÄSINDEN
  01.11.2022
1393
ÖSÜMLIKLER DÜNÝÄSINDEN

- Dünýädäki iň ýogyn agajyň diametri 8 metre barabardyr. Kaliforniýada ösýän şol agaç dünýädäki iň beýik daragt hökmünde hem bellidir;

- Bir daragtdan ortaça 170 müň galam ýasap bolýar;

- Dub, sosna, arça agaçlaryny köplenç ýyldyrym urýar. Derek agajyny bolsa hiç wagt ýyldyrym urmaýar;

- Ýer ýüzünde ösümlikleriň 375 müň ösümlik bolup, olaryň 250 müňi gülli ösümliklerdir;

- Günorta Afrikada ösýän käbir ýabany injirleriň köki 120 metre çenli çuňluga uzalyp gidýär. Munuň özi 30 gatly bina barabardyr;

- Bir daragt ýylyň dowamynda 120 kilogram kislorod öndürýär. Ol 3 adamdan ybarat maşgala bir ýylyň dowamynda ýeterlik bolýar;

- «Ceratonia» ady bilen belli bolan ösümligiň hemme tohumlarynyň agramy bir meňzeşdir (0,2 gram). Şonuň üçin gadymy döwürlerde zergärler ony çeküw daşy hökmünde ulanypdyrlar. Şol ölçeg birligi karat diýlip atlandyrylypdyr;

- Dünýädäki iň uly kaktus «saguaro» diýlip atlandyrylýar. Ol Meksikada we ABŞ-nyň Arizona ştatynda ösýär. Onuň beýikligi 15 metre, agramy bolsa 10 tonna ýetýär;

- Her bir kömelegiň düzüminiň 90 göterimi suwdan ybaratdyr;

- Dünýädäki iň gadymy ösümlik deňiz suwotulardyr. Olaryň bardygy müň ýyl bäri bellidir;

- Adam öz ömrüniň dowamynda medeni ösümlikleriň 1500 görnüşini ulanýar;

- Amazonkada duş gelýän suw liliýalary ýapraklarynyň ululygy bilen tapawutlanýar; Ýapraklaryň her biriniň ölçegi 2 metre ýetip, olar hatda çagajygy hem götermäge ukyplydyr. 

 

Aýbek TAJYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.