logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Interesting /Ösümlikler nähili ýaýraýar?!
  02.11.2022
1710
Ösümlikler nähili ýaýraýar?!

Ösümlikler dünýäsi hem özüniň owadanlygy we täsinligi bilen köpleriň ünsüni özüne çekýär. Ýagny, medeni ösümlikler adamlar tarapyndan ösdürilip ýetişdirilýän bolsa, ýabany ösümlikler tohumlary ýa-da kökleri arkaly tebigy usulda köpelýärler. Geliň, bu usullar bilen tanyş bolalyň!

Ýel.
Köp ösümlikleriň tohumy ýeňil tozgajykda ýa-da gabygyň içinde ýerleşip, bişen tohumlary şemal arkaly uzak aralyga gidýär. Şeýlelikde, tohumyň ýel arkaly agaçdan biraz uzaga düşmegine sebäp bolýar. Bu usul arkaly köpelýän ösümlikleriň köp mukdarda tohumy bolýar. 

Ýarylmak. Ösümlikleriň käbiri ýarylmak arkaly köpelýär. Ýagny, ösümlikleriň miwesi ýa-da kösügi bişenden soňra ýarylyp, miwäniň içindäki tohumlar uzak aralyga atylyp gidýär. 

Pytanaklar. Ösümlikleriň käbirleriniň tohumynyň daşynda tikenler bolup, bu tikenler haýsy-da bolsa bir jandaryň ýüňüne ýapyşýar. Şeýlelikde, tohum başga ýerde gaçyp galýar we bu ösümligiň tohumlarynyň uzak aralykda gögermegine sebäp bolýar. 

Suw. Köp ýerlerde derýadyr ýaplaryň boýunda ösüp oturan ösümlikleriň tohumy suwa düşüp, uzak aralyga gidýär we ol ýerde düýp tutýar. 

Unudylan tohum. Tokaý jandarlary hem tohumlary iýmek üçin ýere gömüp goýýarlar. Emma, olar tohumy nirä gömendiklerini unudýarlar. Netijede, geljek ýyl ol ýerde täze nahal peýda bolýar. 

Ýeriň dartyş güýji. Käbir ösümlikleriň tohumy wagty gelip, bişenden soňra ýere gaçyp tohum dürli howa şertleri sebäpli topraga garylýar. Şeýlelikde, gyş paslynyň tamamlanmagy bilen tohum howa maýlanda gögerip çykýar. 

Guş. Ösümlikleriň köpelmegine guşlar hem sebäp bolýandyr Ýagny, guşlar ösümligiň tohumyny iýip, soňra bolsa ony başga ýerde taşlaýar. Mundan başga-da, käbir ösümlikleriň tohumlary guşlaryň aýaklaryna we perlerine ýapyşyp başga ýerde gaçyp galýar. 

 

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.