logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Agriculture /Ösümlikleri zyýankeşlerden goramakda halky usullar
  03.03.2023
1565
Ösümlikleri zyýankeşlerden goramakda halky usullar

Häzirki döwürde ekerançylyga zyýan berýän köpsanly zyýankeşlere garşy, esasan, himiki şeýle hem biologiki serişdeler ulanylýar. Halkymyzyň daýhançylyk tejribesine üns berseň, baglara, bakja ekinlerine düşýän şirejä, alma, ýorunja gurçugyna, üzümiň poslama, bugdaýyň aklama kesellerine garşy dürli tebigy serişdelerden peýdalanylandygyny görmek bolýar. Halk tejribesinde zyýankeşlere garşy ulanylan usullaryň hem uly ähmiýeti bar. 

Gowaça çöpüniň, sazagyň külüniň suwa gaýnadylan aşgary — esasan, şirejä, erik kişdesine düşýän gurçuga garşy ulanylýar. Ony alma gurçugyna garşy ulanmak hem haýyrly. 

Üzärligiň otunyň, dänesiniň suwa gaýnadylan peti — şirejä, üzümiň poslama keseline, alma gurçugyna garşy ulanylýar. 

Kül
— şirejä garşy ýagyş ýaganda, ýapraklaryň üstündäki çyg gitmänkä gawuna sepilýär. Şonda kül çyga ezilip, aşgara öwrülýär. 

Üzärlik tüssesi — gawun siňegine, üzümiň poslama keseline garşy ulanylýar. 

Çig nebit — kähalatda onuň ýerine dizel ýangyjy ulanylýar. Ony agzy ýapyk gaba guýup, baglaryň şahasyndan asyp goýsaň, mör-möjekleriň gelmezligine haýry kän. 

Syrkyn toşaby garylan suw — munuň üçin ilki ter syrkynyň suwuny sykyp almaly we toşap halyna gelýänçä gaýnatmaly. Ol şirejä, gawun siňegine, alma, ýorunja gurçugyna garşy ulanylýar. 

Guýynyň sowuk suwy — miweli agaçlara sepmek arkaly şirejä hem üzümiň poslama keseline garşy ulanylýar. 

Kir sabyny garylan suw — şirejä we beýleki mör-möjeklere garşy ulanylýar. 

Agajyň düýbüne ýüň oramak — agajy garynjadan goraýar. Şirejäniň ýaýramazlygyna hem haýry kän. 

Gyzyl burç garylan suw — zyýankeşleriň ähli görnüşlerine garşy göreşmekde ulanylýar. 

Künji — bakja ekinleri bilen goşulyp ekilende, şireje düşmezek bolýar. Şeýle hem onuň ysyny şagal, torsuk ýaly ýyrtyjylar hem halamaýarlar. 

Zyýankeşlere garşy ulanylýan halky tejribäni häzirki zaman oba hojalyk ylmy hem inkär etmeýär.

 

Mekan KAKAÝEW.