logo

Latest news:
✦ Hormatly Prezidentimiz döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy ✦ ✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ «Biznes-Intellekt» bäsleşigi ýaş zehinleri ýüze çykardy ✦ ✦ Syýahatçylyk mekdebiniň talyplary türkmen haly sungaty bilen tanyşdylar ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦
Home / Society /Ösümlikleriň ösüşine mikrodökünleriň täsiri
  28.10.2022
928
Ösümlikleriň ösüşine mikrodökünleriň täsiri

Ýurdumyzda oba hojalyk ekinlerinden, miweli baglardan ýokary hasyl almakda beýleki dökünler bilen birlikde mikrodökünlerden hem ýerlikli peýdalanylýar. Mikroelementler ösümlikleriň ösüş derejesini çaltlandyryp, madda çalşygynyň geçmeginde uly rol oýnaýarlar. 

Mikroelementler - janly organizm üçin ujypsyz mukdarda gerek bolýan elementler bolup, olara bor, molibden, mis, marganes, kobalt, sink, ýod we başgalar degişlidir. Mikroelementler janly organizmlerde witaminleriň, gormonlaryň, hlorofiliň, beloklaryň, uglewodlaryň, ýaglaryň, organiki kislotalaryň we beýleki biologiki wajyp we hojalyk taýdan gymmatly birleşmeleriň sintezine täsir edýärler. Şu häsiýeti bilen mikroelementleriň diňe hasyla däl, eýsem onuň hiline-de oňyn täsiri kesgitlenýär. Mikroelementler ekinleriň ösüşini we amatsyz şertlere çydamlylygyny ýokarlandyrmakda hem ähmiýeti uludyr. Mikroelementler ösümlikleriň ýeňil şorlaşan topraklarda duza durnuklylygyny ýokarlandyrýar. Bor, molibden, kobalt, mis ekinleriň aýaza, sowuga, gyşa çydamlylygyny artdyrýarlar. Mikroelementleriň täsirinde ekinleriň yssylyga garşy ukyby, gyşa çydamlylygy has-da ýokarlanýar. Birnäçe mikroelementler ekinleriň ösüşini, hasyla durşuny we bişmegini tizleşdirýär. 

Mikroelementleriň ýetmezçiliginde ösümliklerde ýüze çykýan alamatlar:

Sink.
Ösümliklerde ýapraklaryň saralyp, tegmil emele gelýär. Almada bahar aýlary maýda, ýakyn ýerleşen ýapraklarynyň emele gelmegi bolup geçýär. Şahalary inçe, kelte, döwlegen we port bolýar. Miweleri maýda, galyň gabykly bolup, şäniklileriň miwelerinde ýumşak böleginde goňur tegmiller ýüze çykýar. 

Bor. Ösümlikleriň ýapraklarynda we pudaklarynda ýaşyl reňkiň ýitmekligi ýokarlanýar we ýapraklar ir gaçýar. Depe pyntyklar haýal we gapdal pyntyklar güýçli ösýär. Tohumlanma prosesi we gülleme haýal geçýär. Umuman boruň ýetmezçiliginde bütin ösümligiň ösüşi pes bolýar.  

Mis. Ösümliklerde misiň köp bolmagy demir ýetmezçiligine getirýär. Ösüşden yza galma, baldaklaryň depesiniň guramagy, gapdal pyntyklaryň oýanmagy bolup geçýär. Misiň ýetmezçiliginden has hem sitrus miweliler horlanýar. 

Marganes. Marganesiň ýetmezçiligi ýapraklaryň goňur meneklemegine getirip bilýär. Marganes bilen iýmitlendirilmegi hasylyň, miweleriň we ir-iýmişleriň şekerliliginiň ýokarlanmagyna täsir edýär. Marganesiň ýetmezçiligini ýok etmek üçin ösümliklere kükürtturşy marganes bilen pyntyklar açylmanka pürkmeklik gowy netije berýär. 

 

Uzukjemal GÖKIÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 5-nji ýyl talyby.