logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /ÖSÜMLIKLERIŇ ÖSÜŞINI ÇALTLANDYRÝAN PLÝONKA OÝLANYP TAPYLDY
  31.10.2022
997
ÖSÜMLIKLERIŇ ÖSÜŞINI ÇALTLANDYRÝAN PLÝONKA OÝLANYP TAPYLDY

Himikler ýörite polimerden ösümlikleriň ösüşini üpjün edýän plýonka döretdiler. Plýonka ýewropiý maddasynyň esasynda taýýarlanyp, onuň wezipesi ultramelewşe şöhlelerini infragyzyl şöhlelerine öwürmeklikde jemlenýär. Bu maksat üçin onuň düzüminde lýuminofor bardyr. Ol şöhläniň ultramelewşe böleklerini siňdirýär we infragyzyl şöhleleri goýberýär. Mundan başga-da, plýonka dury bolup, ol ösümlige ýagtylygy siňdirmäge päsgel bermeýär, şu sebäpli ony ýyladyşhanalarda ulanyp bolýar.

Gyzyl şöhle ösümlikleriň ösüşi üçin peýdalydyr, sebäbi ol hlorofil pigmentleri tarapyndan siňdirilýär, bu hem tebigy fotosintez hadysasyny işjeňleşdirýär. Birnäçe ösümliklerde geçirilen barlaglar, plýonkanyň ýokary netijeliligini görkezdi. Tomusda, haçan-da gün uzyn we günüň şöhlelendirişi ýeterlik derejede güýçli bolanda, oýlap tapyş ösümlikler üçin tapawutly netije bermeýär. Emma gyşda, täze oýlap tapyşy ulanmaklyk bilen 63 günüň dowamynda ýetişdirilen ösümlikler, adaty usulda ýetişdirilen ösümlikler bilen deňeşdirilende, boýy 1,2 esse uzyn we agramy 1,4 esse ýokary bolýar.

Bu oýlap tapyş nahallary ýetişdirmekligiň wagtyny iki ýyldan bir ýyla çenli gysgaldyp biler. 

 

Ýunus GELDIÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.