logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /Ösüşiň belent ýollary
  12.02.2020
880
Ösüşiň belent ýollary

       Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, ýurdumyz bedew bady bilen döredijilik, ösüş hem-de abadançylyk ýolunda ynamly öňe barýar. Biz – ýaşlar ynam bilen öňe seredip, geljegimiziň üstünliklere beslenjekdigine umyt baglaýarys, sebäbi ýakyn geljek we uzak döwür üçin ygtybarly binýady bizde ynam döredýär. Bütin dünýä Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň döredijilik ruhy we okgunly hereketini nobatdaky gezek subut eden 2019-njy ýylda ägirt uly işler durmuşa geçirildi.Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda esasy orunlaryň birini eýeleýän özygtyýarly Watanymyzyň ykdysady kuwwaty, jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň sazlaşykly azyk bolçulygyny, asudalygyny, abadançylygy gazanmagyň, ýurdumyzyň ähli raýatlary üçin öz zähmetiniň miwelerinden we durmuş eşretlerinden peýdalanmagyň birmeňzeş mümkinçiliklerini üpjin etmegiň wajyp kepili bolup çykyş edýär.Bu günki gün ýurdumyzyň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuşynyň ösen derejelere ýetmegi, bazarlarymyzda halkyň köňül küýseginiň dabaralanmagy bilen ýurdumyz azyk bolçulygyna doly derejede geçdi diýsek ýalňyşmarys.

    Ýurdumyzda dürli oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň möçberlerini artdyrmagyň hasabyna azyk bolçulygynyň kepilligini ýokarlandyrmak wezipesi bolmak bilen, oba hojalyk ýerlerini häzirki zamanyň talabyna laýyk derejede ösdürmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň her bir daýhany öz mümkinçiligine görä, ýer mülkiniň eýesi bolup bilýär. Bu edilýän beýik işler ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilýändiginiň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň günsaýyn ýokarlanýandygynyň alamaty.

      Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň bähbidine gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde bolup geçýän oňyn özgerişlikler bu günki gün her bir türkmen ýaşlarynyň geljegine bolan ynamyny has-da pugtalandyrýar.