logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /«Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly kitabyň 14-nji tomy çapdan çykdy
  27.07.2022
873
«Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly kitabyň 14-nji tomy çapdan çykdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy tarapyndan taýýarlanylan «Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly kitabyň 14-nji tomy çapdan çykdy.

Neşiriň täze sanynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ähli ugurlaryny şöhlelendirýän 2020-nji ýylyň has möhüm materiallarydyr makalalary ýygnalyp, olarda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, durmuş, ylym-bilim, medeniýet ulgamlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler öz beýanyny tapýar.

Kitabyň täze 14-nji tomy, Watanymyzyň içeri we daşary syýasatyny wagyz etmekde, jemgyýetiň syýasy, ykdysady, medeni durmuşyndaky ägirt uly özgertmeleri beýan etmekde, ýaşlary watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir.