Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýaşlar üçin startap bäsleşigi geçiriler ✦ ✦ IT ulgamynda startap bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ «Garaşsyzlyk ösüşleriň-özgerişleriň çeşmesidir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň 34 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat ✦ ✦ «Startaplar we ekoulgamlar» atly seminar geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk — halkyň milli buýsanjy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — döwlet syýasatynyň berk sütünidir ✦ ✦ Ýurdumyzda ykdysady ösüşler ✦ ✦ Türkmenistanda täze etraplar döredildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ösüşlerde galkynyşyň bady bar!
  12.01.2023
786
Ösüşlerde galkynyşyň bady bar!

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata ýurdumyz Türkmenistan baky bagtyýarlyga, ösüşli ýeňişlere beslenýär. Bu döwürde eziz Diýarymyz ähli ugurlar boýunça durnukly ösýän, sebitde we dünýäde parahatçylyk dörediji ýurt hökmünde giňden tanalýar. Ata Watanymyzyň gazanan ýokary ykdysady ösüş depginleri, halkara derejesindäki abraýy Mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan ynsanperwer döwlet syýasatynyň ajaýyp miwesidir. Ruhubelentligiň, bagtyýarlygyň, täze galkynyşyň ýurduna öwrülen ata Watanymyzy bu gün tutuş dünýä ýüzi ykrar edýär. Merdana halkymyzyň umumadamzat medeniýetine goşant goşandyklaryna üstünden ençeme asyrlar geçen şöhratly taryhymyz, medeni mirasymyz hem milli gymmatlyklarymyz aýdyň şaýatdyr. Döwürleriň hem gözelligiň, nepisligiň synagyndan geçen türkmen halyçylyk, amaly-haşam sungaty, ahalteke bedewleri, türkmen alabaýlary halkymyzyň mizemez gymmatlyklarydyr. Bu gymmatlyklarymyzy geljekki nesillere ýetirmekde, aýap saklamakda asylly işler alnyp barylýar. Bedew bady bilen günsaýyn özgerýän ýurdumyzda Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda ýaşlary ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sanly ulgamdan doly baş çykarýan we daşary ýurt dillerini suwara bilýän, sagdyn bedenli, sagdyn ruhly edip terbiýeläp ýetişdirmekde zerur bolan ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlar syýasatynyň mynasyp alnyp barylmagy netijesinde döwletimiziň ileri tutulýan syýasy ugurlarynyň hatarynda bu ugra berilýän ünsüň ýokarlanmagyna şert döredýär. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesil baradaky alada örboýuna galyp, bagtyýar nesilleri milli ýörelgelerimiziň esasynda terbiýelemek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Häzirki wagtda bilim ulgamy döwletimiziň barha ösmegi üçin esasy binýatlarynyň biri bolmak bilen, bilim bermegiň ähli basgançaklary ýokary hilli elektron maglumatlar bilen yzygider üpjün edilip, sanly tehnologiýalar, akylly enjamlar giňden ornaşdyrylýar. Çünki ýurt ykdysadyýetini kuwwatlandyrmak we barha ösdürmek bu ulgamyň ösdürilmegine bagly bolup durýar. Umuman, şeýle giň möçberli, il bähbitli başlangyçlar ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine ýetirmekde möhüm ädim bolup çykyş edýär. 

 

Aýna ATAJUMAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.