logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ «Biznes-Intellekt» bäsleşigi ýaş zehinleri ýüze çykardy ✦ ✦ Syýahatçylyk mekdebiniň talyplary türkmen haly sungaty bilen tanyşdylar ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦
Home / Society /Ösüşlerde galkynyşyň nury bar!
  25.03.2023
875
Ösüşlerde galkynyşyň nury bar!

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň ykbalynda möhüm ähmiýete eýe bolan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde halk hojalygynyň ähli ugurlarynda ajaýyp üstünlikler gazanylýar. Ýurdumyzyň durmuşyndaky beýik özgertmeler, kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegi, täze gurulýan obalardyr şäherler, ýaşaýyş toplumlary jemgyýetimiziň kämillige tarap özgermegine, ösmegine, halkymyzyň täze zähmet üstünliklerini gazanmagyna kuwwatly itergi berýär. Halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda gazanylýan ösüşler ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatly döwletleriň hataryna goşulýandygyny aýdyň görkezýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň netijeli ugurlaryny kesgitlemegi «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçýän üstümizdäki ýylda ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm ädim boldy. Olaryň esasyny «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen möhüm wezipeler düzýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Mähriban Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda eziz ýurdumyzy ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işlerde ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmagy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek iň täze tehnologiýalary, innowasiýalary giňden ornaşdyrmagy, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşmagyny göz öňünde tutýar. Senagat-önümçilik, ykdysady zolaklary, sebitleriň aýratynlyklaryny nazara almak bilen, söwda-hyzmat, ulag-logistika, obasenagat we toplumlaýyn erkin ykdysady zolaklary döretmek wezipeleri hem girizildi. Durmuş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek meýilleşdirilip, ylym we bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, pudaklary ýokary hünärli hünärmenler bilen üpjün etmek, bu ugurdaky halkara işi, ilkinji nobatda, dünýä derejesindäki ylmy bilimleri ele alan hünärmenleri we alymlary taýýarlamak ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak babatda işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, ýokary netijeli sporty ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýäniň ornuny berkitmek alnyp barylýar. Peder ýoluny dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen milli bilim ulgamyny ösdürmek, türkmen ýaşlaryny ylym we döredijilik işlerine ruhlandyrmak babatda durmuşa geçirilýän işleriň esasy özeninde ylym-bilimden gory ýetik ýaş nesilleri kemala getirmek durýar. Ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde maglumat gory döredilmegine, sanly ulgamyň gazananlaryny doly ornaşdyrmaklyga gönükdirilendir. Şeýle hem, bu bilim ojaklarynda ösen tehnologiýalaryň, kompýuter tehnikalarynyň ornaşdyrylmagy okuw-terbiýeçilik işini netijeli interaktiw usulda ýola goýmaga ýardam berýär. Bularyň ählisi eziz Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde üstünliklere ýetmegiň möhüm görkezijisi bolup çykyş edýär. 

 

Parahat SÄHETNIÝAZOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.