logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Ösüşlere beslenen ýaşlar ýyly
  25.12.2023
562
Ösüşlere beslenen ýaşlar ýyly

Tamamlanyp barýan 2023-nji ýyl beýik üstünlikleriň ýolunda asyrlyk sepgitleri geçdi. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda bu ýyl “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda geçirilmegi halkymyzyň jebisligini, ýaş nesillerimiziň hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatyny goldaýandygyny aýdyň görkezýär. Her güni, aýy guwançly üstünlikler, taryhy wakalar bilen dabaralanan bu şöhratly ýyl Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň şöhratly taryhynyň gatyna altyn harplar bilen ýazylýar.

 

 

Bu şanly ýylda jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçen taryhy wakalar Garaşsyz döwletimiziň depginli ösüşine aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine ýaş nesilleriň saldamly goşant goşmaklary bolsa Täze ýylyň bosagasynda ýokary ruhubelentligi döredýär. Mahlasy, 2023-nji ýyl ähli ugurlar boýunça örän netijeli, üstünlikli, döwletli ýyllaryň biri boldy. Ýene-de sanlyja günlerden agzybir türkmen halky Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uludan belleniljek täze – 2024-nji ýyla gadam basýar.

 

 

Merdana halkymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýetip gelen Täze ýyl bilen tüýs ýürekden mähirli gutlaýarys! Täze ýylda hem ýurdumyzda amala aşyryljak tutumly işleriň uly rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!

 

 

Leýla JUMABERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.