Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ösüşlerimiz ösüşlerden zyýada!
  16.05.2023
483
Ösüşlerimiz ösüşlerden zyýada!

Bagtyýar hem galkynyşly zamanamyzda Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly wezipelere uly ähmiýet berilýär. Bedew batly ösüşler, dünýä nusgalyk işler bir-birinden zyýada gelýär. Diýarymyzyň ähli künjekleriniň çäklerinde alnyp barylýan dürli maksatly gurluşyk işleri, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky işleriň ýokary hil derejesine we halkara görkezijilerine laýyk getirilmegi, ilatyň durmuş üpjünçiligi bilen baglanyşykly meseleleriň üstünlikli çözülmegi ugrunda uly tagallalar edilýär. Şeýle hem ýurdumyzyň ilatynyň elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suw bilen üpjünçilik derejesine möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen birlikde, amal edilýän giň gerimli özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşi üçin kuwwatly binýady döretmäge mümkinçilik berýär. Sebitleriň ykdysady ösüşine, ýaşaýyş jaýlaryna, edara-kärhanalara, bilim ojaklaryna we beýleki ugurlara sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy häzirki döwrüň möhüm talaby bolup çykyş edýär. Bu işlerde döwlet tarapyndan berilýän goldawlar, oňa gönükdirilýän serişdeleriň maksadalaýyk ulanylmagyny gazanmaklyk esasy wezipeleriň biridir. Häzirki döwürde sanly ulgamy ornaşdyrmak, ylmyň gazananlaryny we täzeçil tehnologiýalary işjeň özleşdirmek babatda ýurdumyzyň bilim edaralarynyň öňünde möhüm wezipeleriň durýar. Şunuň bilen baglylykda, çagalar baglarynda, orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde ýaş nesle kämil derejede bilim-terbiýe bermek işleri hem oňyn netijelere eýe bolýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamynda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaýbaňlandyrylýan giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler ösüşlere beslenýär. Bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmek, ony hil babatda dünýäniň ösen derejesine çykarmak, şol bir wagtyň özünde ýaş alymlaryň ylmy açyşlary üçin zerur şertleri döretmek meseleleri esasy üns merkezinde saklanylýar, bu ugra sanly ulgamy ornaşdyrmak, hünär taýdan kämilleşdiriş meselelerini işjeňleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda hemmetaraplaýyn işler alnyp barylýar. Çünki ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryna häzirki zamanyň ösen tejribesini ornaşdyrmakda, sanly ulgamy işjeňleşdirmekde, halk hojalygynyň pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda ýurdumyzyň bilim edaralaryna möhüm orun degişlidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwerlige, parahatçylyk söýüjilige, abadançylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty täze üstünlikler bilen dabaralanýar, belent maksatlar bilen rowaçlanýar. Durnukly ösüş maksatlary, öňüni alyş diplomatiýasy, derwaýys sebit meseleleri boýunça daşary syýasy başlangyçlarymyz döwletimiziň dünýä jemgyýetçiliginiň umumadamzat ähmiýetli çözgüdine anyk goşant goşýandygyny äşgär edýär. 

 

Nurgeldi HANJANOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.