logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Agriculture /«Owadan gämi» 8,5 müň düýp limon agajyna ideg edýär
  26.01.2023
1386
«Owadan gämi» 8,5 müň düýp limon agajyna ideg edýär

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän «Owadan gämi» hususy kärhanasyna degişli limon ýyladyşhanasynda şu günler işler gyzgalaňly alnyp barylýar. Bu ýerde işgärleriň 10-a golaýy zähmet çekip, 5 gektar töweregi meýdany eýeleýän ýyladyşhanada ösdürip ýetişdirilýän limon agaçlaryna talabalaýyk we göwnejaý ideg edýärler.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Owadan gämi» kompaniýasyna degişli ýyladyşhanada hem häzirki wagtda 8,5 müň düýp limon agajyna ideg edilip, onuň kadaly ösmegi we bitginli miwe bermegi üçin ýylylygyň, ýagtylygyň, çyglylygyň gerekli mukdary döwrebap tehnologiýalar arkaly awtomatik usulda sazlanylýar. Hünärmenleriň gürrüň bermegine görä, bu ýerden ýylda 100-120 tonna limon hasyly alynýar. Ýygym möwsümi oktýabr aýyndan başlap, tä ýanwar aýyna çenli dowam edýär. Limon ýyladyşhanasy üçin degişli çäkde ýörite gurlan suw howdany bolup, onda süzüji enjamlar suwy yzygiderli arassalap durýar. Hünärmenleriň aýdyşy ýaly, arassa we wagtly-wagtynda berlen suw limon agajynyň hasyllylygyna oňyn täsir edýär.