Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Owazasy dünýä dolan Awaza
  15.05.2023
515
Owazasy dünýä dolan Awaza

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe adam, onuň saglygy we abadançylygy ugrundaky alada döwlet syýasatynda has-da ýokary derejä göterildi. Ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramak, olaryň ýokary derejede dynç almagyny we saglygyny berkitmegini gazanmak babatda alnyp barylýan tutumly işler hem bu hakykatyň buýsançly subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we taýsyz tagallasy netijesinde türkmen Diýarynyň täsin hem-de gözel künjeginde döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy, şeýle-de häzirki zaman şypahanalary ynsan saglygyny berkitmekde we göwnejaý dynç almagyny guramakda iňňän uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyz «Awazanyň» döredilmeginiň baş maksadynyň deňiz ýakasynyň ägirt uly dikeldiş mümkinçiliklerini peýdalanmakdan, türkmenistanlylaryň we ýurdumyzyň myhmanlarynyň dynç almagy üçin aňrybaş amatly şertleri döretmekden, adamlaryň wagtyny gyzykly hem-de peýdaly geçirmegini, şol sanda sportuň suwda oýnalýan we beýleki görnüşleri bilen meşgullanmagy üçin mümkinçilikleri döretmekden ybaratdygyny aýratyn nygtaýar hem-de bu ýerde dürli maksatly desgalaryň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berýär. Hazaryň türkmen kenarynda döredilen täsin deňiz şypahanasy ýokary derejeli myhmanhanalar, döwrebap şypahana we dynç alyş düzümleri, köpugurly sport desgalary, oýun attraksionly seýilgählerdir emeli derýa, täze döredilen tokaý zolaklary bilen göreni haýran galdyrýar. Olaryň ählisi ykdysady we tehnologiýa täzelikleri bilen enjamlaşdyrylandyr. Deňziň kenarynda alnyp barylýan giň möçberli bag ekmek işleri hem saglygy dikeldiş ulgamyny pugtalandyrmaga ýardam edýär. Bu ýerde ýylyň bütin dowamynda gök öwüsýän agaç nahallary oturdylýar, täze seýilgäh zolaklary emele gelýär, deňiz suwunyň fitonsidleri we ionlary bilen baýlaşdyrylan has amatly howa ýagdaýy döredilýär. Bularyň ählisi adamlaryň saglygyna oňyn täsir edýär.

Hazar deňziniň jana şypa berýän türkmen kenarynda dynç alýan adamlar, aýratyn-da, çagalar üçin döwrebap şertleri döretmek, boş wagtyny işjeň geçirmek we ynsan saglygyny, beden hem-de ruhy taýdan güýç-gaýratyny dikeltmek ýaly şertleri döretmeklige aýratyn üns berilýär. Syýahatçylyk desgalarynyň ýanaşyk ýerleri gök ösümlik zolaklary bilen bezelýär. Şypahana giňişligini guramakda daşky gurşaw, tebigy şertler bilen ajaýyp sazlaşygyň bolmagy möhüm ähmiýete eýedir. Adamlaryň gowy dynç almagy üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi bolsa, durmuş bagtyýarlygynyň, ýurt abadançylygynyň aýdyň görkezijisidir.

 

Merdan SAPAROW,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.