Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýaşlar üçin startap bäsleşigi geçiriler ✦ ✦ IT ulgamynda startap bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ «Garaşsyzlyk ösüşleriň-özgerişleriň çeşmesidir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň 34 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat ✦ ✦ «Startaplar we ekoulgamlar» atly seminar geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk — halkyň milli buýsanjy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — döwlet syýasatynyň berk sütünidir ✦ ✦ Ýurdumyzda ykdysady ösüşler ✦ ✦ Türkmenistanda täze etraplar döredildi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Owazynda asyrlaryň ýaňy bar!
  01.03.2023
784
Owazynda asyrlaryň ýaňy bar!

Türkmenistan ýurdumyzda halkymyzyň milli gymmatlyklaryny dünýä ýaýmak, ony ylmy taýdan düýpli öwrenmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Halkymyzyň baý döredijilik medeniýeti, çeper sungaty dünýäniň iň gymmatly nusgalarynyň sanawyna goşulýar. Bu ugurda ata Watanymyzyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet ugurlary boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO bilen alyp barýan işleri täze sepgitlere eýe bolýar. Diýarymyzda bu işleriň gerimini we ähmiýetini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek, medeni mirasymyzy içgin öwrenmäge höwesjeň nesilleri çekmek başlangyçlaryna hem aýratyn üns berilýär. Bu abraýly sanawdan orun alan milli gymmatlyklarymyzyň biri-de türkmen dutarydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Mähriban Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda şeýle jümleler bar: «Eli dutarly we kalby aýdym-sazly halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak sungat eserleriniň gahrymanlary hakyky gözelligiň nusgalary bolup durýar. Häzir, syýasy nukdaýnazardan çylşyrymly döwürde biz dünýä ýüzünde «Sungat dawadan üstün çykýar, dutar bolsa, ýaragdan rüstem gelýär» diýen düşünjäni aňynda berkiden millet hökmünde çykyş edýäris. Hut şonuň üçin men «bitaraplyk» diýenimde, gözlerimiň alnynda Şükür bagşynyň eli dutarly keşbi janlanýar». Bu çuňňur pähim-parasada ýugrulan setirler türkmeniň dutarynyň gadyr-gymmatyny aňryýany bilen açyp görkezýär. Şol nukdaýnazardan hem, halkymyzyň türkmen dutary bilen bagly däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi diňe bir türkmen medeniýeti hem sungaty üçin däl, eýsem, diplomatik tarapdan hem öňe ädilen möhüm  ädim bolup çykyş edýär. Häzirki wagtda dutar çalmakda we aýdym aýtmak sungatynda milli usullar düýpli öwrenilip, bu ugurda halypa-şägirtlik däplerine hem aýratyn üns berilýär. Munuň özi bolsa, halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden we kämilleşdirip şu günlere getiren milli mirasynyň, medeni gymmatlyklarymyzyň ýokary derejede sarpalanýandygynyň özboluşly beýanydyr.

 

Salyh BABAÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.