Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Buýan ösümliginiň dermanlyk häsiýeti ✦ ✦ Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyry ✦ ✦ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦ ✦ Gyz-gelinler — milli bitewüligiň we dowamlylygyň nyşany ✦ ✦ Energetika howpsuzlygy we sebit durnuklylygy ✦ ✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦ ✦ Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Owgan harytlarynyň sergisi öz işini tamamlady
  06.03.2024
522
Owgan harytlarynyň sergisi öz işini tamamlady

4-nji martda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda owgan harytlarynyň sergisi öz işine başlady. Bu çärä ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy artdyrmaga gyzyklanýan Owganystanyň döwlet düzümleriniň wekilleri hem-de 230-dan gowrak kompaniýanyň we kärhananyň wekilçilkli topary Aşgabada geldi.

 

 

Sergide birnäçe diwarlyklar hem-de söwda pawilýonlary sergilendi. Olara mysal hökmünde azyk önümlerini öndürýän «Zafarani Insaf Ahmadi», gury ir-iýmişleri öndürýän «Sadeqa» kompaniýalary, gök önümleri we miweleri gaýtadan işleýän «Omaid Bahar», «TahaHaidari» kärhanalary, «Farzad Osman», «Fari Afghan», «Sistan Fahim Ltd», «Asia Aria Ltd», «Rah Now», «Monib Menhaj Noori» ýaly täjirçilik kompaniýalary, pomidor goýaltmasyny öndürýän «Heart Golchin», içgileri öndürýän «Super Cola» we başgada birnäçe kompaniýalaryň önümleri görkezildi. Mundan başgada zergärçilik önümleri milli egin-eşikleriň sergide görkezilmegi Owgan halkynyň milli mirasy, olaryň medeniýeti bilen tanyşmaga mümkinçilik döretdi.

 

 

Çäräniň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşygy ösdürmek maksady bilen maslahat geçirildi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz sergide görkezilýän harytlary synlamak maksady bilen, giň möçberli serginiň guralýan ýeri bolan Söwda-senagat edarasyna bardy we bu ýerde owgan tarapy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de toplumlaýyn esasda ösdürmegiň meseleleri boýunça duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda ýangyç-energetika düzümlerine, söwda-ykdysady ugurlar babatynda ähmiýetli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

 

Bu sergi sişenbe güni öz işini tamamlady.
 

Humaý Allaberdiýewa,
Türkmen Döwlet maliýe institutynyň
1-nji ýyl talyby.