logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Owganystan kiçi elektrik energetikany ösdürmegiň ýolunda
  12.03.2024
620
Owganystan kiçi elektrik energetikany ösdürmegiň ýolunda

Türkmen diplomatlary Hyrat sebitindäki “Nur-al-Jihad” kiçi elektrik bekediniň kuwwatlygyny artdyrmak maksady boýunça söhbetdeşlik geçirdiler. Owanystanyň iri energetika kompaniýasy bolan “Da Afghanistan Breshna Sherkat-yň” wekilleri bilen geçirilen bu duşuşygyň esasy özenini energetika kuwwatlygyny artdyrmak boldy.

 

 

Iki taraplaýyn geçirilen duşuşykda taraplar täze enjamlary ornaşdyrmagyň möhleti, bu babatdaky işleri çaltlandyrmak hem-de goňşy döwletiň energetika kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak bilen bagly meselelere içgin durup geçdiler. Şeýle-de nobatdaky gezek geçirilen duşuşygyň jemleri boýunça ozal baglaşylan ylalaşyklary resmileşdirýän bilelikdäki Teswirnama kabul edildi. Bu teswirnamada hem kiçi energetikany ösdürmek gerimini giňeltmek elýeterli bahadan dünýä bazaryna çykarmak ýaly meseleri kabul edildi.


Aýlar REJEPOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
1-nji ýyl talyby.