logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Owganystanda ýangyç tankeri partlady. Pida bolanlar we ýaralananlar bar!
  19.12.2022
938
Owganystanda ýangyç tankeri partlady. Pida bolanlar we ýaralananlar bar!

Owganystanyň Parwan welaýatynyň Hindiguş daglaryndaky Salang tuneline giren ýangyç guýýan tankerde partlama boldy. Bolup geçen bu hadysada, partlamanyň güýçlüligi sebäpli ýangyn ýüze çykdy.

Parwan welaýat häkimliginiň metbugat sekretary pajygaly wakada 19 adamyň aradan çykandygyny we 32 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Owganystanyň saglygy goraýyş ministri ýaralananlaryň paýtagt Kabuldaky merkezi hassahanalara ýerleşdirilendigini we gerekli çäreleriň görülendigini belläp geçdi.