logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Owganystanyň demirýol edarasynyň hünärmenleri Türkmenistanda hünär öwreniş okuwlaryny geçdiler
  19.05.2023
1098
Owganystanyň demirýol edarasynyň hünärmenleri Türkmenistanda hünär öwreniş okuwlaryny geçdiler

«Türkmendemirýollary» agentligi hem-de Owganystanyň demirýol edarasy bilen demirýol ulaglary pudagynda iki döwletiň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hem-de dostlukly gatnaşyklaryň berkidilmegine uly ähmiýet bermek bilen, demirýol ulgamynda zähmet çekjek hünärmenleri taýýarlamakda giň gerimli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.

«Türkmendemirýollary» agentligi bilen Owganystanyň demirýol edarasynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanylan okuw meýilnamasyna laýyklykda «Türkmendemirýollary» agentliginiň Türkmenabat şäherindäki demir ýol hünär-tehniki okuw mekdebinde Owganystanyň demirýol edarasynyň hünärmenlerine demir ýollaryň gurluşygy, wagonlary düzmek we dolandyrmak hünäri boýunça dört aýlyk hünär öwreniş okuwlary geçirildi.

Okuwyň dowamynda amaly-tejribe önümçilik sapaklary hem guraldy. Owganystanly talyp ýaşlar önümçilik sapaklarynda Türkmenabat şäherindäki «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň şahamçalarynda önümçilik-tejribe sapaklaryny geçdiler. Hünär okuwyny tamamlan owganystanly talyp ýaşlara Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanylan şahadatnama gowşuryldy.