logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Owmaç nähili taýýarlanylýar? Geliň, bilelikde öwreneliň!
  30.01.2023
1717
Owmaç nähili taýýarlanylýar? Geliň, bilelikde öwreneliň!

Türkmen desterhany dürli naharlara baýdyr. Şolaryň içinde owmaç hem ýörite orun tutýar. Ony geçmişde enelerimiz yhlas bilen taýýarlapdyrlar. Ol özboluşly tagamy bilen bellidir.

Ýaňy tamdyrdan çykan gyzgyn çöregiň birini uşajyk dogramaly. Soňra dogralan çöregi gaba salyp, üstüne goýnuň guýruk ýagyndan taýýarlanylan dury ýagdan ep-esli guýup, çörek bilen ýag gowy alyşýança garmaly. Soňra gabyň agzyny ýapyp, 10-15 minut goýmaly.

Owmaç taýýar, işdäňiz açyk bolsun!