logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Technology /Öý şertlerinde noutbuklarda abatlaýyş işlerini geçirmek
  25.11.2022
1033
Öý şertlerinde noutbuklarda abatlaýyş işlerini geçirmek

Adatça, ulanýan noutbuklarymyzda haýsydyr bir näsazlyk ýüze çykan ýagdaýynda, ony hyzmat ediş merkezlerinde ýörite hünärmenleriň kömegi bilen abatlaýyş işlerini geçirmek zerur bolup durýar. Emma käbir halatlarda abatlaýyş işlerini öý şertlerinde özümiz hem amala aşyryp bileris.

Noutbuklaryň operatiw ýatlaryny, şeýle hem SSD maglumat göterijilerini, akkumulýatorlaryny, ses güýçlendirijilerini öý şertlerinde ýeňillik bilen çalşyp bolýar. Ähli sanalyp geçilenler sogrulyp aýrylýan görnüşli bolup, birnäçe nurbatlary açanymyzdan soňra, galaýylamazdan we tejribe talap edýän beýleki hereketlersiz aýryp bolýar.

Şol bir wagtda kadadan çykmalar hem bolup biler. Mysal üçin, 2013-nji ýyldan soňra öndürilen MacBook Pro, şeýle hem, 2017-nji ýyldan soňra we golaýda öndürilen MacBook Air noutbuklarynyň akkumulýatorlaryny açmakdan we çalyşmakdan saklanmaly. Ady agzalan noutbuklaryň gabarasynyň aşaky bölegini açmaklyk işi kynlyk bilen amala aşyrylýar. Şol bir wagtda akkumulýator gabar bilen senagat ýeliminiň kömegi bilen birikdirilendir. Köplenç bu işiň hötdesinden gelmek üçin ýörite enjamlaryň we tejribäniň bolmaklygy zerurdyr.

Şeýle-de ýönekeý ýaly görünýän özbaşdak klawiatura çalyşmaklykdan hem saklanmaly. Ähli öndürijileriň täze görnüşli noutbuklarynda diňe käbirleriniň klawiaturasy sogrulyp aýrylýan görnüşli bolup, olary ýeňillik bilen çalşyp bolýar.

Häzirki wagtda, adatça, klawiatura gabaranyň ýokarky bölegi bilen bile çalşylýar. Elbetde, seýrek ýagdaýlarda klawiaturany çalşyp bolar, emma bu işi öý şertlerinde amala aşyrmaly däl. Diňe noutbugyň gabarasynyň ýokarky böleginden, ony zeperlemezden köne klawiaturany aýyrmaklyk kyn bolup, soňra täze klawiaturany, noutbugyň tozan we çyglylyk gorag ukybyny saklamaklyk bilen ornaşdyrmaklyk has kyn bolup durýar. 

 

Daýanç BAÝRAMDURDYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.