logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Özbegistan 324 tonna türkmen bananyny eksport etdi
  11.01.2023
1096
Özbegistan 324 tonna türkmen bananyny eksport etdi

Özbegistan daşary ýurtlardan import edýän bananynyň agramly bölegini Türkmenistandan alýar. Bu barada goňşy döwletiň Statistika baradaky döwlet komiteti habar berdi.

Has takygy, geçen ýylyň ýanwar – noýabr aýlarynda Türkmenistandan Özbegistana bananyň 324 tonnasy eksport edildi. Maglumatlara görä, bu möçberiň esasy bölegi noýabr aýynda amala aşyrylypdyr. Aýratyn bellenilmeli tarapy, Türkmenistan soňky dört aýyň dowamynda Ekwadordan başga özbek bazaryna bananyň eksportyny amala aşyran ilkinji döwlet boldy. Häzirki wagtda Özbegistan içerki bazarda sarp edilýän bananyň esasy bölegini Ekwadordan satyn alýar. Türkmenistan bolsa bu sanawda ilkinji üçlüge girýär.

Ýeri gelende bellesek, 2022-nji ýylyň 11 aýynyň dowamynda Özbegistan jemi 127 müň tonnadan gowrak banany import edipdir. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 57,4 müň tonna köpdür.