logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk — türkmen halkynyň synmaz ýoly ✦ ✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Özbegistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini bermegini dowam edýär
  23.12.2022
1115
Özbegistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini bermegini dowam edýär

Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň beren beýanyna görä, Özbegistan hökümeti Owganystana 170 tonna ynsanperwerlik kömegini iberdi.

Un, bugdaý, tüwi, ösümlik ýagy, konserwirlenen iýmit, egin-eşik we aýakgap ýaly zatlardan ybarat kömek bukjalary Owganystanyň Haýratan şäherine gara ýol bilen eltildi.

Belläp geçsek, Özbegistan geçen Oraza aýynda demir ýol arkaly Owganystana 4 müň tonna, iýun aýynda bolsa 74 tonna ynsanperwerlik kömegini iberipdi.