logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Sports /Özbegistan taryhda ilkinji gezek dünýä çempionatyna gatnaşar
  06.06.2025
1362
Özbegistan taryhda ilkinji gezek dünýä çempionatyna gatnaşar

Özbegistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy taryhynda ilkinji gezek futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmak hukugyny gazandy. Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň agzasy hökmünde çykyş edýän Özbegistan, 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda üstünlikli netije gazandy.

 

“A” toparçada çykyş eden özbek ýygyndysy Eýranyň ýygyndysyndan soňra ikinji orny eýeläp, çempionata göni gatnaşmaga hukuk aldy. Toparçanyň 9-njy tapgyrynda Özbegistan Birleşen Arap Emirlikleriniň meýdançasynda duşuşyp, 0:0 hasabynda deňme-deň oýnady. Bu netijeden soň Özbegistanyň utuk sany 18-e ýetdi, üçünji orundaky BAE bolsa 14 utuk toplady.

 

Toparçanyň jemleýji duşuşygy 10-njy iýunda bolar. Şol gün Özbegistan öz meýdançasynda Kataryň ýygyndysyny kabul eder. Häzirki wagtda toparçada liderlik 20 utuk bilen Eýranyň milli ýygyndysyna degişli.

 

Özbegistanyň futbol ýygyndysy ilkinji halkara duşuşygyny 1992-nji ýylda geçirdi, 1994-nji ýylda bolsa Aziýanyň Futbol Konfederasiýasyna hem-de FIFA-a agza boldy. Şeýlelikde, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda dünýä çempionatyna gatnaşmaga ilkinji mümkinçilik gazanan ýurt hökmünde Özbegistan taryha girdi.

 

2026-njy ýylda dünýä çempionaty 11-nji iýun – 19-njy iýul aralygynda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler. Eýran bilen birlikde Ýaponiýa, Täze Zelandiýa we Argentina hem çempionata gatnaşmak hukugyny eýe bolan ýygyndylaryň hatarynda durýar.